Hindistan köp bolup aýal zorlan dört erkegi asyp öldürdi
Hindi mediasy bu erkekleriň 20-nji mart güni daňdan, paýtagtyň golaýyndaky türmäniň daşynda, berk howpsuzlyk goragy astynda, golaýdaky mähelläniň şatlykly gygyryşýan wagtynda asylandygyny habar berdi.
Bu Hindistanda 2013-nji ýyldan bäri asylyp öldürilen ilkinji adamlardyr.
Ýerli mediada Nirbhawa, “gorkusyz adam” diýlip atlandyrylan 23 ýaşyndaky zenan 2012-nji ýylyň dekabrynda, gije zorlandy. Hindi kanuny onuň şahsyýetiniň anyklanylmagyna rugsat bermeýär.
Fizioterapiýa studenti erkek dosty bilen kinoteatrdan öýe gelýärkä, alty sany erkek olary aldap, awtobusa mündürdi. Olar aýaly zorlamazlaryndan öň onuň ýanyndaky erkegi demir çybyk bilen urup, zenany hem agyr ýaraladylar.
Bu hüjüm sebäpli alty adam tussag edildi. Olaryň biri 2013-nji ýylyň mart aýynda türmede öli tapyldy, görnüşine görä, ol öz janyna kast edipdir.