Özbegistanyň öňki prezidentiniň gyzy 13 ýyl 4 aý möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi
18-nji martda Daşkent şäher jenaýat kazyýetinde Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowa we onuň guramaçylygyndaky jenaýat toparynyň agzalaryna garşy ýanwar aýynda başlanan jenaýat işi tamamlandy.