Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Rumyniýa koronawirusdan kesellänleriň artmagy netijesinde ýurtda “doly karantini” yglan etdi

24-nji martda Rumyniýanyň prezidenti Klaus Iohannis koronawirus ýokuşan adamlaryň sanynyň artýan mahaly, bu wirusyň ýaýramagyny haýallatmak maksady bilen ýurtda “doly karantini” girizmäge kömek etmegi üçin harbylary ýerleşdirjekdigini aýtdy.


Rumyniýa 16-njy martda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi. Ýöne köp adamyň hökümetiň öýden çykmazlyk baradaky maslahatlaryny äsgermezliginiň fonunda, koronawirus bilen kesellän adamlaryň sany artdy.


24-nji martda Rumyniýanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýene 186 adama ýokuşandygyny we bu wirusdan başga-da bir adamyň ölendigini mälim etdiler. Munuň netijesinde ýurtda koronawirusdan ölenleriň sany sekiz adama ýetdi we bu wirus 762 adama ýokuşdy.


Iohannis telewideniýede göni efirde görkezilen çykyşynda 25-nji martdan başlap adamlaryň diňe azyk we derman satyn almak, şeýle-de işe gitmek ýa-da beýleki zerur ýagdaýlarda öýünden çykmagyna rugsat beriljekdigini aýtdy. Ýaşy 65-den aşan adamlaryň öýünden çykmagy bolsa gadagan edildi.


Öýlerinde karantin astynda saklanýanlara elektrik görnüşde gözegçilik ediler diýip, Iohannis aýtdy. Ol bu barada jikme-jik maglumat bermedi.


Şeýle-de, ol hökümet tarapyndan berlen öňki maslahatlaryň hökmany görnüşe eýe boljakdygyny we polisiýa kömek etmek üçin köçelerde goşun ýerleşdiriljekdigini hem aýtdy.


“Gadyrly rumyniýalylar çäklendirmeler ertirden başlap güýje girer” diýip, Iohannis sözüniň üstüne goşdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *