Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan dymýar we koronawirusa garşy göreşýär

Türkmenistan dymýar we koronawirusa garşy göreşýär

Ýapyk serhetler, uçar gatnawynyň ýatyrylmagy, paýtagtyň ýapylmagy, jemgyýetçilik ýerlerinde dezinfeksiýa çäreleri, köpçülikleýin gyzgyn barlaglary, karantin we boş dükan tekçeleri. Bu Türkmenistana degişli ýagdaý. Emma şuňa meňzeş ýagdaýy başdan geçirýän beýleki dünýä ýurtlaryndan tapawutlylykda, Türkmenistanda şeýle çäreler häkimiýetleriň we habar beriş serişdeleriň doly dymmagynda amala aşyrylýar.  

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň paýtagtyndaky we welaýatlaryndaky habarçylary ýurtda bolup geçýän häzirki ýagdaýlar barada 24 marda şeýle habar berdiler:  

- Aşgabadyň gündogar tarapynda şähere girilip-çykylýan ýerlerde awtoulaglaryň dyklyşygy döredi, adamlaryň gyzgynyny barlaýarlar, häzirlikçe saýlap barlaýarlar. Şähere diňe Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryny, golaýda ýerleşýän Gäwers we Ýaşlyk ýaly obalaryň we şäherleriň ilatyny salýarlar. Gyzgyn bolan adamlary karantine ugradýarlar, edil şu ýagdaýda nirä iberilýändigini men bilemok. 

- Daşoguz -Aşgabat uçarynda ýolagçylaryň ellerine gyzgylt reňkli bir suwuklyk sepdiler, ony ysy ýokdy, ol hloram däl, spirtem.

- Daşoguzda tiz kömek işgärlerine maska dakynmagy rugsat berdiler we hatda olara paýlaýarlar.

- Aşgabatda halkara reýslerinde işlän işgärleri aýlyksyz dynç alyşa ugratdylar.  

 

 

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň ýaýramazlygy üçin alyp barýan çäreleriniň çäginde ýurduň içinde ilatyň hereketini çäklendirdiler. 19-njy martda paýtagt ýapyldy, 20-nji martda welaýatlaryň arasyndaky gatnaw näbelli bir wagtlyk çäklendirildi.   

Emma ýurduň häkimiýetleri özleriniň bu çärelerini ilata habar bermän alyp barýarlar we umuman koronowirusda degişli ýurduň içindäki we dünýädäki ýagdaýlar barada öz halkyna habar bermekden saklanýarlar.

Şol bir wagtda-da, koronawirusa garşy çäreleriň berjaý edilişine howpsuzlyk güýçleriniň işgärleri gözegçilik edýärler.   

Häzirki wagtda kanikul sebäpli mekdeplerde okuw ýok. Emma çagalar baglary işleýär. Körpeleriň çagalar baglaryna gatnawyna berk gözegçilik edilýär. Çaganyň gelmedik halatlarynyň saglyk hakyndaky kepilnamalar bilen subut edilmegi talap edilýär.

Regionlaryň köpüsinde medisina maskalary dakmak gadagan edilýär. Şu gunki gün paýtagtda, ýurduň beýleki künjeklerinde medisina maskalaryny dakýan adamlar tas ýok diýen ýaly.  

Ýurtda häkimiýetleriň koronawirusa garşy saýlap alan göreş usullarynyň bir üzärlik tütetmekdir. Käri boýunça lukman preziden Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10 gün mundan öň beren rekomendasiýasyndan soň üzärlik tutuş ýurt boýunça köpçülikleýin tütedilip başlandy. Dessine üzärligiň bahasy ençeme esse ýokarlandy. 

- Üzärlik esli gymmatlady. Öň onuň uly bir dessesi 2 manada durýardy, indi bolsa kiçijik bir dessesini 10 manada satýarlar" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 24-nji martda gürrüň berdi.

 

Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy görülýän çäreleri bilen bir wagtda azyk önümleriniň hem arassaçylyk serişdeleriniň gymmatlamagy dowam edýär.   

Aşgabatdaky habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, paýtagtda hususy söwda nokatlarynda azyk önümleri bar, emma gymmatlaýar. 

- Kelemiň bahasy 2 esse ýokarlandy 3 manatdan 6 manada ýetdi.

- Hlorly serişdeler "Barfatan" we beýlekiler 5 manatdan 7 manada çenli gymmatlady ähli ýerde.  

- Başmarketde azyk önümleri bar - et, tüwi, makaron, gök-önüm, harytlaryň görnüşleri adatdakysy ýaly. Adam az, basa-baslyk ýok. Dükan TSTB bileleşigine degişli we onuň binasynda ýerleşýär.  

Emma Azatlygyň beýleki regionlardaky habarçylary welaýatlarda azyk gytçylygynyň güýçlenýändigini, ilkinji nobatda unuň, ýagyň we ýumurtganyň tapdyrmaýandygyny habar berýärler.  

Käbir ýerlerde adamalar un we ýag satyn almak üçin nobatlara öňünden ýazylýarlar. Döwlet dükanlarynda nobatlar 800 adamlyk nobatlar döreýär. Döwlet nyrhyndan adam başyna her aý üçin çäkli satylýan uny ýanwar aýyndan bäri alyp bilmedik maşgalalar hem bar.   

Türkmenistan özünde koronawirusyň ýokdugyny aýdýan sanlyja ýurtlaryň hatarynda galýar. Türkmen ýolbaşçylary ýurtda koronawirus ýokaşan we hatda ýokaşan bolmagy güman edilýän ýekeje adamyň ýokdugyny 5 martda yglan edipdi, şondan bäri bu meseleni agzamady.

24-nji marta çenli dünýäde koronawirusyň bardygy tassyklanan adamlaryň sany 350 müňden aşdy, 15 müňden gowrak adam ýogaldy. Dünýä ýurtlary howply wirusa we onuň ýaýramagyna garşy berk çäre görýärler. 

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Источник 360.ru: в реке Сетунь в Москве произошел разлив нефтепродуктов

Фигуристка Туктамышева: я еще не ушла, я как бы взяла паузу

ЦСКА разорвал дистанцию // Армейцы увеличили преимущество в финальной серии Единой лиги ВТБ

Глава Приморья Кожемяко рассказал о перспективах развития туризма на Дальнем Востоке

Музыкальные новости

Собянин: Уникальные сервисы в центре "Профессии будущего" упрощают поиск работы

Дипломатическая бизнес-встреча «Россия - Африка» прошла в Белом Особняке Villa Barvikha

Ростовский-на-Дону ЭРЗ отмечает 150 лет со дня основания

Спорт: развитие и повышение доступности для граждан

Новости России

«112»: посла Зимбабве в РФ Амброуза Мутинири экстренно госпитализировали

В РФ погода практически не повлияла на урожай черешни в 2024 году

В Минжилполитики Подмосковья ответили на вопросы граждан о стройке соцобъектов

ЦСКА разорвал дистанцию // Армейцы увеличили преимущество в финальной серии Единой лиги ВТБ

Экология в России и мире

Группа Продовольствие стала победителем конкурса «Экспортер года Алтайского края» по итогам деятельности предприятий за 2023 г.

BYD-FORKLIFT - официальный дистрибьютор BYD в России

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”

Новые электрические зубные щетки Revyline RL 075 Peach Fuzz появились в филиале бренда в Москве

Спорт в России и мире

Теннисистка Мария Шарапова снялась в красном облегающем платье

Арина Соболенко повторила уникальное достижение Азаренко на турнирах «Большого шлема»

Последний танец Надаля и юбка Сюзанн Ленглен: 6 важных фактов о «Ролан Гаррос»-2024

Касаткина опустилась на 13-ю строчку в рейтинге WTA, Рахимова поднялась на 18

Moscow.media

ALMI Partner: операционных систем в Реестре Минцифры должно стать меньше

Hybrid вышла на рынок Мексики

Осень в деревне....

Российские туристы назвали города, где лучше путешествовать в одиночестве







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *