Eýran saglyk toparynyň koronawirus hemaýatyny ret etdi
Dünýäde koronawirusdan has köp ejir çekýän ýurtlaryň biri bolan Eýran düýbi Ženewada ýerleşýän saglyk haýyr-sahawat toparynyň, wirusa garşy görülýän tagallalara hemaýat bermek maskady bilen, merkezi Isfihan şäherinde 50 orunlyk hassahanyny ornaşdyrmak baradaky teklibinden ýüz öwürdi.
Eýranyň Saglyk ministrliginiň 24-nji martda beren maglumatyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda COVID-19 wirusyna täze 1 müň 762 adam ýolugyp, wirus bilen kesellänleriň umumy sany 24 müň 811-e ýetipdir.
Ministrlik wirusdan ýene 122 adamyň, umumy hasapda 1 müň 934 adamyň ölendigini hem habar berdi.
“Biz özümiziň bejeriş toparymyzyň gelmeginiň ýatyrylandygyna geň galdyk” diýip, Serhetsiz Lukmanlar toparynyň wekili Mişel-Oliwier Laçarite 24-nji martda aýtdy.
Laçarite eýran resmileriniň ilki başda muňa razylyk berendiklerini nygtady. Ol şu hepdäniň aýagynda keselhanany ornaşdyrmaga eýýäm taýýar bolandyklaryny hem belledi.
Eýranyň saglyk ministriniň maslahatçysy Alireza Wahabzadeh: “Häzirki wagtda daşarky güýçler tarapyndan keselhana düşeklerini ornaşdyrmaga zerurlyk ýok. Olaryň gelmegi ret edildi” diýip, Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.
Wahabzadeh “halkyň wirusa garşy jebisleşendigini we harby güýçleriň saglyk mümkinçilikleriniň doly ulanylýandygyny” aýdyp, bu teklibiň inkär edilendigini aýtdy.