Britan premýeri Boris Johnson özüne koronowirusyň ýokuşandygyny aýdýar
Britaniýanyň premýer-ministri Boris Johnson koronowirus barlagyndan geçendigini we onuň netijesiniň pozitiw bolandygyny, özüne bu keseliň ýokuşandygyny aýdýar.
Ol indi keseli başgalara ýokuşdyrmazlyk üçin özüni üzňeleşdirendigini hem sözüne goşdy.
Johnson 27-nji martda Twitterde ýerleşdirilen gysga wideoýazgyda özünde wirusyň "ýeňil alamatlarynyň" dörändigini,ýöne hökümetiň keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin göreşýän wagtynda oňa ýolbaşçylyk etmegi dowam etdirmekçidigini aýtdy.
"Soňky 24 sagadyň dowamynda ýumşak alamatlar ýüze çykdy we koronawirus barlagy oňyn netije görkezdi” diýip, Johnson aýtdy.
“Men indi özümi izolirledim, emma bu wirusa garşy göreşýän wagtymyzda widioaragatnaşyk esasynda hökümet tagallalaryna ýolbaşçylyk ederin” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Saglyk häkimiýetleri 26-njy martda ýurtda koronowirus sebäpli 40 adamyň ölendigini aýtdylar, bu Britaniýada koronowirusadan ölenleriň umumy sanyny 144-e ýetirdi.
26-njy martda tassyklanan wirus hadysalarynyň, kesele ýoluganlaryň sany 3,269 boldy.