“Talyban” etrap edaralaryny ele geçirip, owgan hökümeti bilen gepleşmejekdigini aýdýar
Ýumgan etrabynyň hökümet edaralary “Talyban” söweşijileriniň amala aşyran agyr söweşinden soň ele geçirildi, söweş netijesinde bir topar adam öldi diýip, welaýat geňeşiniň agzalary aýtdylar.
Jeňçi topar şondan biraz soň 25-nji martda owgan hökümeti tarapyndan tassyklanan we 18 ýyllyk urşy soňlamagy maksat edinýän 21 agzaly topar bilen gepleşmekden ýüz öwürýändigini aýtdy.
Owganystanyň howpsuzlyk boýunça milli müdirýetiniň ozalky başlygynyň ýolbaşçylygynda düzülen topara syýasatçylar, ozalky resmiler we raýat jemgyýetiniň wekilleri girizildi. Toparyň bäş agzasy aýallardan ybarat.
Birleşen Ştatlar bilen “Talybanyň” 29-njy fewralda Dohada gol çeken ylalaşygy astynda, jeňçi toparyň wekilleri owgan hökümeti bilen göni gepleşik geçirmäge razy boldular.
Muňa derek, ABŞ esgerleriniň we daşary ýurt koalisiýasynyň beýleki güýçleriniň 14 aý içinde Owganystandan çykarylmagy barada şertleşildi.