Ýewropa Parlamentiniň agzalary wirus barada galp informasiýa garşy göreşmäge ündeýärler
39 sany kanun çykaryjynyň Ýewropa komissiýasynyň baştutany Ursula Won der Leyenyň, Ýewropa geňeşiniň prezidenti Çarles Miheliň we ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Josep Borrelliň adyna ýollan hatynda "geosyýasy ambisiýalary ugrunda bäsleşýän ýurtlaryň häzirki krizisi gural edip ulanmagyna garşy berk hereketleri taýýarlap öňe sürmäge" çagyrylýar.
AÝ/AR-synyň gören bu haty 27-nji martda ýazylyp, onda 27 agzaly ÝB "daşary ýurtlaryň COVID-19 krizisini ÝB-ne zeper ýetirmek üçin ulanmak synanyşygyna göz ýetmeli we gowşatmaly" diýip bellenýär. Soňky günlerde koronawirusyň pandemiýasyna degişli dezinformasiýa birinji plana geçdi.