Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

AÝ/AR Täjigistanyň koronawirus baradaky habarlara goşulmak synanyşygyny tankytlady

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý (Jamie Fly) täjik hökümetiniň guramanyň Täjik gullugynyň (Radio Ozodi) bu Merkezi Aziýa ýurdundaky koronawirus pandemiýasy barada habar bermek tagallalaryna päsgelçilik döredýändigi üçin tankytlady.


Flaý 31-nji martda Täjigistanyň daşary işer ministri Sirojiddin Muhriddine ýollan hatynda täjik hökümetiniň Radio Ozodiniň işine gatyşmak synanyşyklaryna gynanç bildirdi.


Ol pandemiýanyň ýaýramagynyň fonunda resmileriň Radio Ozodiniň habarçylary bilen duşuşmakdan ýüz öwürýändiklerini, şeýle-de habarçylaryň jemgyýetçilik saglyk brifinglerinden çetde tutulýandygyny belledi.


Flaýyň bu baradaky haty Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň Radio Ozodiniň habarçylaryny akreditasiýa etmek baradaky uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän haýyşy boýunça 1-nji aprelde çykarmaly kararynyň öňýanyna gabat geldi.


Ministrlik geçen oktýabrdan bäri Radio Ozodiniň habarçylarynyň we işgärleriniň 18-ne doly bir ýyllyk akreditasiýany bermekden saklanyp gelýär. Olaryň käbiriniň akreditasiýasy 1-nji noýabrda gutardy, käbiri hem ministrlik tarapyndan yzyna alyndy.


21-nji ýanwarda Täjigistanyň Daşary işler ministrligi býuronyň dört işgärine, şol sanda sürüjisine hem alty aý möhlet bilen akreditasiýany berendigini mälim etdi. Ministrlik ýedi sany beýleki žurnalistiň, şol sanda býuronyň ozalky başlygynyň akreditasiýa meselesine entek garalýandygyny aýtdy. Täjik gullugy akreditasiýa meselesiniň uzaga çekendigi sebäpli, Täjigistandaky býurosynyň başlygyny täzelemäge mejbur galdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *