Owgan hökümeti we Talyban topary Kabulda tussag alyşmagy maslahat edi
Munuň bilen Talyban 2001-nji ýylyň noýabrynda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçler tarapyndan häkimiýetden çetledilenden bäri geçen wagtyň dowamynda resmi Talyban wekiliýeti ilkinji gezek Owganystanyň paýtagtynda bolýar.
Iki tarap 31-nji martda “ýüzbe-ýüz” gepleşik geçirdi hem-de Halkara Gyzyl Haç guramasynyň seredýän beýleki meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 1-nji aprelde ýene duşuşýar diýip, Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Jawid Faýsal twit ýazdy.
Talybanyň metbugat wekili Zabihullah Mujahid wekiliýetiň tussag boşatmak hem-de azat edilenleriň saglyk barlagy babatynda hökümet resmileri bilen tehniki gepleşikleri geçirýändigini aýtdy.
Mujahid tussaglykdaky 100 Talyban söweşijisiniň “ilkinji boşadyşlykda goýberiljekdigini” aýtdy. Meýilleşdirilýän tussag alyşygy Birleşen Ştatlary bilen Talybanyň arasynda 29-njy fewalda Dohada gol çekilen ylalaşygyň çäginde amala aşyrylýar.
Ylalaşyk resmi gepleşikleriň öňýany owgan hökümetini ynam döretmek üçin 5 müň Talyban söweşijisini boşatmaga çagyrýar.
Talyban özünde saklaýan owgan hökümetiniň 1 müň harbysyny we raýat gullukçysyny boşatmagy wada berdi.