Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen prezidenti ýurtda koronawirusa garşy wagtynda çäre gňrlendigini Türki geňeşiň agzalaryny habarly etdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türki geňeşiň gatnaşyjylaryna Türkmenistanda koronawirusa garşy görülýän çäreler barada habar berdi.


Türkmen prezidenti 10-njy aprelde wideo konferensiýa görnüşinde geçirlen bu maslahatda COVID-19 wirusynyň ýaýramagyna garşy wagtynda çäre görlendigini we ýurtda sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýynyň durnukly bolup,  gözegçilik astyndadygyny öňe sürdi.   


Prezident Berdimuhamedow ýurduň tutuş saglygy saklaýyş pudagynyň täze howpa garşy mobilizlenendigini, keselhanalaryň ähli zerurlyklar bilen üpjün edilendigini, ýurtda ählitaraplaýyn sanitariýa gözegçiliginiň edilýändigini we ilaty koronawirus barada habarly etmek boýunça giň derejede iş geçirilýändigini aýtdy. 


Prezidentiň türki dilli döwletleriň liderleriniň öňünde eden bu çykyşy Türkmenistanda koronawirus barada maglumatlaryň berk çäklendirilýän döwrüne, lukmanlara bu kesel barada geplemek gadagan edilip, ilatyň koronawirus sözüni agzamagy üçin yzarlanýan wagtyna gabat geldi.


Üstesine, BSG-nyň köpçülige çykmazlyk rekomendasiýasyna garamazdan Türkmenistan toý-tomaşa geçirmegini dowam etdirýär. 7-nji aprelde ýurtda müňlerçe adamyň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş geçirildi.


Mundan başga serhetleriň ýapylmagynyň netijesinde ýurt raýatlarynyň ençemesi daşary ýurtlarda hökümet tarapyndan ýardam berilmezden çykgynsyz ýagdaýda galdy. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *