Özbegistan Remezan aýynda gurnalýan ybadatlaryň we agzaçarlaryň koronawirus sebäpli ýatyrylandygyny aýtdy
Özbegistanyň musulman jemgyýetiniň başlygy Remezan aýynda gurnalýan däp bolan köpçülikleýin ybadatlaryň we agzaçarlaryň şu ýyl koronawirus sebäpli ýatyrylandygyny aýtdy.
Özbegistanyň Musulmanlar müdirliginiň 14-nji aprelde beren maglumatyna görä, şu ýyl Remezan aýynyň dowamynda metjitlerde köpçülikleýin tarawa namazynyň okalmagyna we agzaçarlaryň geçirilmegine rugsat berilmez.
Müdirlik bu kararyň goňşy Gazagystanyň hem-de Gyrgyzystanyň Musulman müdirlikleri bilen geçirilen gepleşiklerden soň kabul edilendigini we bu ýurtlarda-da şuňa meňzeş çäreleriň güýje giriziljekdigini aýtdy.
Geçen aý Özbegistanyň dini häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin metjitlerde juma namazlaryny wagtlaýyn gadagan etdiler.
Özbegistanda tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 1054 adama ýetdi we bu wirusdan dört adam öldi. Goňşy Gazagystanda bolsa, koronawirus bilen kesellänleriň sany 1179 adama ýetip, bu wirusdan 14 adam öldi.
Gyrgyzystanda tassyklanan koronawirus näsaglarynyň 430 sanysy hasaba alnyp, ondan bäş adam heläk boldy.
Türkmenistan we Täjigistan koronawirus bilen kesellän adamlaryň hasaba alynmandygyny aýdyp gelýärler. Ýöne ekspertler bu ýurtlaryň hökümetlerinde aç-açanlygyň we garaşsyz metbugatyň ýokdugyny aýdyp, türkmen we täjik häkimiýetleriniň öňe sürmelerine şübheli garaýarlar.