ABŞ COVID-19-a garşy göreş üçin başga ýurtlara $500 milliondan gowrak kömek berer
Birleşen Ştatlar koronawirus pandemisýasyna garşy göreşde halkara tagallalarynyň, şol sanda, öz territoriýasynda hem epidemiýa bilen göreşmeli bolandygyna garamazdan, ejir çeken ýurtlara kömek bermegiň hem öňüni çekmegini dowam etdirýär. Bu barada Döwlet departamenti habar berýär.
ABŞ-nyň daşary syýasat edarasy Waşingtonyň dünýäde onlarça ýurda 508 million dollara golaý kömek serişdesini berendigini nygtaýar.
“Bu serişdeler keselçiligiň ýaýramagyny togtatmak boýunça görülýän iň möhüm çärelere: ilaty öz wagtynda habardar etmeklige, suw üpjünçiligine we arassaçylyga, lukmançylyk edaralarynda ýokanç keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmek işlerine gönükdirildi” diýip, habarda bellenilýär.
Hususan-da Afrika ýurtlaryna kömek berilýändigi nygtalýar. Ýöne kömek käbir ýewropa ýurtlaryna, şol sanda Italiýa hem berildi. ABŞ-nyň kömek beren ýurtlarynyň arasynda ozalky sowet respublikalary hem bar diýip, “Amerikanyň sesi” belleýär.
Hususan-da, Belarus laboratoriýalary taýýarlamak, tehniki hünärmenleri goldamak, töwekgelçilik habardarlygy ulgamyny gowulandyrmak we ş.m. üçin 1,3 million dollar alar.
Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, Ukraina, Donetsk we Lugansk sebitleriniň iň gowşak ýerlerinde suw üpjünçiligini we arassaçylygy gowulandyrmak üçin, 9,1 million dollar alar.
Gürjüstana, Ermenistana we Azerbaýjana, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlaryna hem kömek berler.