“Talyban” owgan hökümetiniň Remezan aýyndaky ýaraşyk teklibini ret edýär
“Talyban” söweşijileri owgan hökümetiniň Remezan aýyndaky ýaraşyk teklibini ret etdi, ýagny munuň parahatçylyk prosesindäki ylalaşmazlyklar arasynda “rasional bolmajakdygyny” aýtdy.
Ýaraşyk teklibi 23-nji aprelde, yslamyň mukaddes aýynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda, Owganystanyň güýçlenýän koronawirus keselçiliginiň köpelmegine garşyg öreşýän wagtynda, owgan prezidenti Aşraf Gani tarapyndan edildi.
“Talyban” toparynyň metbugat wekili Suhail Şaheen bu teklibi ret edip, jeňçileriň söweşi dowam etdirjekdigini, sebäbi hökümet bilen arada baglaşylmaly parahatçylyk ylalaşygy boýunça bir topar ylalaşmazlygyň bardygyny, şeýle-de tussag alyşmagyň gijikdirilýändigini aýtdy.
“Atyşygyň bes edilmegini soramak rasional we göwne makul däl” diýip, Şaheen 23-nji aprelde twitterde ýazdy we hökümeti pandemiýa döwründe tussaglaryň janyny howp astyna salmakda aýyplady.