Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täjigistan mekdepleri ýapýar, futbol ýaryşlaryny togtadýar

Resmi taýdan yglan edilen koronawirus ýokaşmasynyň ýoklugy sebäpli şübhe döredýän Täjigistan, COVID-19 pandemiýasynyň öňüni almak üçin mekdepleri iki hepdelik ýapjakdygyny, köpçülikleýin ýygnanyşyklary gadagan etjekdigini we galla eksportyny wagtlaýyn togtatjakdygyny mälim etdi.


Hökümet 25-nji aprelde bu çäreleriň mekdebe çenli edaralara we orta mekdeplere täsir etjekdigini habar berdi. Bu çäreleriň ilatyň, esasanam çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny we howpsuzlygyny goramak üçin durmuşa geçirilýändigi aýdylýar. Bilim ministrliginiň habaryna görä, uniwersitetler işini dowam etdirer.


Galla eksportynyň togtadylmagy, hökümetiň pikiriçe, içerki üpjünçilikleri tygşytlamaga niýetlenen bolup, köpçülikleýin ýygnanyşyklaryň gadagan edilmegi kinoteatrlara, teatrlara we sport çärelerine täsir eder.


Täjigistan, hökümet tarapyndan girizilen täze koronawirus çäklendirmeleriniň arasynda, ýurduň 10 toparlyk futbol ligasynyň oýunlaryny hem 10-njy maýa çenli togtadýar.


Täjigistanyň futbol federasiýasy 26-njy aprelde liganyň oýunlarynyň togtadylmagynyň 27-nji aprelde güýje girjekdigini aýtdy.


26-njy aprelde geçiriljek oýunlar, Täjigistanda global pandemiýa döwründe geçirilen beýleki oýunlar ýaly, tomaşaçysyz geçiriler.


Täjigistan 2,8 milliondan gowrak adama ýokaşan we 198 müň töweregi adamyň ölümine sebäp bolan koronawirus pandemiýasynyň uç alan ýurdy Hytaý bilen serhetleşýär. 


Emma Merkezi Aziýa döwleti entek resmi taýdan koronawirus näsagyny hasaba almady. Bu ýagdaý resmileriň kesel ýokaşanlary ýaşyrmak ähtimallygy ýa-da ýapyklyk şertlerinde işleýän saglyk işgärleriniň düzüw barlag geçirmeýändigi barada sorag döredýär.


Täjigistan mundan öň, Türkmenistan bilen bilelikde, Merkezi Aziýada koronowirus näsaglaryny resmi hasaba almadyk we köpçülik çärelerini ýatyrmadyk ikinji ýurt bolup durýardy.


Türkmenistanda köpçülik çäreleri, sport ýaryşlary şindi hem dowam etdirilýär. Türkmen TW-si häzir Bedew baýramyna bagyşlanan köp adamly dabaralary görkezýär. 

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *