Praganyň etrap häkimi rus agentiniň özüni ‘aradan aýyrmak’ üçin iberilendigini aýdýar
Mundan öň, çeh derňew neşiri rus harby ofiseriniň adamyň janyna kast etmek missiýasynyň çäklerinde, zäherleýji madda bilen ýakynda Praga gelendigi barada makala çap edipdi.
Çeh premýer-ministri Andrej Babiş bu iş bilen bagly eden özüniň ilkinji çykyşynda Çehiýa Respublikasynyň “özygtyýarly döwletdigini” we dünýäniň “hiç bir güýji” tarapyndan özüniň içerki işlerine gatyşmagyna çydam etmejekdigini aýtdy.
Gürrüňi gidýän üç çeh resmisi özleriniň, şol sanda Russiýanyň Pragadaky ilçihanasynyň öňündäki meýdança Kremliň öldürilen tankytçysynyň adyny dakmak we sowet döwrüniň generalynyň heýkelini aýyrmak baradaky kararlary bilen Kremliň nägileligini döredipdi.
Moskwa muňa jogap edip ýakynda Çehiýa Respublikasyna garşy kiber hüjümlerini hem amala aşyrmakda şübhelendi.