Türkmenistanda COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýan türkmen häkimiýetleri bu meseläni BSG we BMG-niň beýleki edaralary bilen maslahat etmegini ýygjamlaşdyrdy. Bu aralykda adam hukuklaryny goraýjy HRW we Amnesty International guramalary hökümetiň ilatyň hakykat barada maglumat almak we zerur medisina hyzmatyndan peýdalanmak ýaly hukuklaryny depeleýändigine ünsi çekýär.