HZG: Dünýäniň ilatynyň ýarysy karantin sebäpli aç galyp biler
Eger-de ýurtlaryň aglaba köplügi koronawirus sebäpli girizen karantinleriniň möhletini uzaltsa, bu ýagdaýda bir ýarym milliarddan gowrak adam ýaşaýyş üçin serişdesiz galyp biler, bu dünýäniň ähli işleýän adamlarynyň ýarysy bolup durýar diýip, Halkara zähmet guramasynyň (HZG) hasabatynda aýdylýar.
Hususan-da ykdysadyýetiň kölegeli we näresmi pudaklarynda işleýän adamlar hakynda gürrüň gidýär diýip, hasabatda bellenilýär. Şonuň bilen bir wagtda, resmi we kanuny işi bolan adamlaryň hem 300 milliona golaýy işsiz galmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
HZG-nyň hasaplamalaryna görä, dünýä boýunça eýýäm 436 milliondan gowrak kompaniýa kynçylyga uçrady.
Olar 232 million söwda firmasyndan, 111 million gaýtadan işleýän senagat kärhanasyndan, 51 million hyzmat (restoran ýa-da myhmanhana) kompaniýasyndan, gozganmaýan emläkleri satmak we almak bilen bagly 42 million agentlikden we firmadan ybarat.
ABŞ-da bir aýda, epidemiýanyň başlamagy bilen, işsizlik kömegini sorap arza berenleriň sany 20 milliondan gowrak boldy. Bu rekord görkeziji bolup durýar.
Soňky maglumatlara görä, dünýäde üç milliondan gowrak koronawirus ýokaşmasy hasaba alyndy. Bu dertden 230 müňden gowrak adam öldi.