Demirgazyk we Günorta Koreýa serhedinde atyşyk boldy
Günorta Koreýa öz goşunlarynyň iki ýurdy aýyrýan dartgynly serhet ýakasynda Demirgazyk Koreýa bilen ok atyşandygyny aýtdy.
Günorta Koreýanyň Baş ştabynyň ýolbaşçylarynyň beýanatynda 3-nji maýda, ýerli wagt bilen sagat 7:41-de Demirgazyk Koreýadan Günorta Koreýadaky garawul postuna birnäçe okuň atylandygy aýdylýar.
Şeýle-de beýanatda, duýduryş bereninden soň, Günorta Koreýanyň iki tapgyr gaýtawul okuny atandygy aýdylýar.
Oka tutulan garawul postunyň iki ýurduň arasyndaky berk serhet berkitmesiniň içinde ýerleşýändigi, Günorta Koreýada tarapdan hiç bir ejir çekeniň bolmandygy aýdylýar.
Bu ok atyşygyDemirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Unyň takmynan üç hepdäniň içinde ilkinji gezek köpçülige çykmagynyň habar berilmeginiň bir gün soňundan boldy.
Onuň 20 günläp köpçülikde görünmezligi Unyň saglyk ýagdaýy hakynda bir topar çaklama döretdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump 2-nji maýda Kimiň gaýtadan peýda bolanyny görenine begenýändigini aýtdy.