Germaniýada, Hytaýda COVID-19 bilen kesellänler köpelýär, Ýewropalylar çäklendirmeleriniň gowşamagyna begenýär
Fransiýada we Ispaniýada koronawirusyň ýaýramagyny saklamak üçin girizilen öýde galmagy talap edýän çäklendirmeleriň gowşamagyndan millionlarça adam lezzet alýarlar.
Emma dünýäde COVID-19 zerarly ýogalanlaryň sany boýunça ABŞ-dan soň ikinji ýerde duran Britaniýa çäklendirmeleri saklap galdy.
Germaniýa kesellänleriň köpelmegine duçar boldy.
Koronawirusa degişli ýagdaýa doly gözegçilik edýändigini mart aýynda yglan edip, zawodlary we fabrikleri açan Hytaý 17 sany täze keselläni hasaba alandygyny aýtdy. Bu san Hytaýda 28-nji aprelden bäri iň ýokary görkezijidir. 11-nji maýda hasaba alnan bäş sany täze ýagdaý Wuhana degişli. Bu regionda COVID-19 bilen keselleýänleriň sanynyň nola deň bolandygy habar berlipdi.
Fransiýada adamlar sekiz hepdeden soň ilkinji gezek rugsat hatyny almazdan, daşary çykmak mümkinçiligine eýe boldular. Mugallymlar mekdeplere dolandylar, käbir dükanlar, saç bejerýän salonlar açyldy.
Ispaniýada Madrid we Barselona ýaly uly şäherleriň daşynda ilat howlusy bolan barlarda we restoranlarda duşuşmak mümkinçiligine eýe boldular.
Dünýä boýunça koronawirus bilen kesellänleriň sany 4.1 million adama ýetdi, 283 000 adam ýogaldy.