Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Harasat: Kiprde ýaşaýan türkmenler protest geçirdi, häkimiýetler telekeçilerden pul soraýar

Harasat: Kiprde ýaşaýan türkmenler protest geçirdi, häkimiýetler telekeçilerden pul soraýar

Kiprde ýaşaýan türkmen raýatlary resmi Aşgabadyň mundan iki hepde töweregi ozal Lebapda we Maryda turan tebigy harasatda ejir çekenlere hemaýat bermeýändigine nägilelik bildirip, protest geçirdiler.

Türkmen häkimiýetleri Lebapdaky harasatda ejir çeken ilata hökümet derejesinde hemaýatyň berilip-berilmeýändigi barada dymýan, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň meýletin toplan ýardam pullaryny paýlatmaýan pursady, ýurduň edara-kärhanalaryndan dikeldiş işleri üçin pullaryň tutuljakdygyny duýdurýar.

Lebap welaýatynyň käbir sebitlerinde iki hepde töweregi ozal turan weýrançylykly harasatyň netijeleri heniz hem aradan aýrylmady. Hökümetiň ýardam bermeýändigini aýdýan ilat, tebigy hadysanyň netijeleri bilen öz hasaplaryna göreşmeli bolýandygyny belleýär.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň 1 müň tonna golaý ugradan muzdsuz kömegine minnetdarlyk bildirdi. Maglumata görä, Lebapdaky harasatdan bir hepde soňra ugradylan bu gumanitar kömegiň düzüminde Türkmenistanyň özünde gyt harytlara öwrülen serişdeler, şol sanda azyk önümleri, gurluşyk materiallary hem bar.

11-nji maýda Kiprde ýaşaýan türkmen raýatlary, Lebap we Mary welaýatlarynyň tebigy harasatdan ejir çeken ilatyna hemaýatyň berilmegini talap edip, protest çäresini geçirdiler.

 

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň welaýatlarynyň atlary, şeýle-de “Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halka kömek et!!!” ýazgyly plakatlary saklap, 27-nji apreldäki harasatdan bäri iki hepdeden hem köp wagtyň geçendigine garamazdan, türkmen häkimiýetleriniň ejir çeken ilata hemaýat bermeýändigine nägilelik bildirdiler.

Ýatlatsak, mundan öň türkmen raýatlary adam pidaly tebigy harasatda ýogalanlara gynanç bildirip, Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňüne hem plakatly çykypdylar.

 

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri 27-nji aprelde ýurduň gündogar sebitlerine gelen weýrançylykly harasatyň netijelerini aradan aýyrmak üçin, ýurduň dürli künjegindäki telekeçilerden pul soraýar, beýleki döwlet-edara kärhanalaryndan hem maliýe serişdeleriniň tutulyp galynjakdygyny duýdurýar.

“Geçen hepde Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde ýerli resmiler hususy telekeçiler bilen ýygnak geçirip, Lebapdaky harasatyň öwezini dolmak üçin pul tabşyrmaklaryny soradylar. Telekeçiler işeriniň onsuz hem agyr gidýändigini nygtap, pul bermäge ýagdaýlarynyň ýokdugyny aýtdylar” diýip, balkanly telekeçileriň biri bilen söhbetdeş bolan Azatlygyň ýerli habarçysy gürrüň berdi.

Howpsuzlyk sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran habarçy häzirki pursat telekeçileriň ýerli häkimligiň olara basyş etjek bolup, dükanlaryny we firmalaryny ýapmak, býurokratik päsgelçilikleri döretmek ähtimallyklaryndan howatyr edýändiklerini hem sözüne goşdy.

 

Ýatlatsak, geçen hepde şeýle haýyş bilen Aşgabatdaky Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hem ýüz tutulypdy. Şonda telekeçiler muny “uly höwes bilen goldasalar-da”, ýolbaşçylar beriljek kömegiň birleşmäniň ýa-da oňa agza telekeçileriň adyndan däl-de, diňe döwletiň adyndan gowşurylmagyna rugsat beriljekdigini duýdurypdylar.

Munuň bilen birlikde, Balkanyň döwlet edaralarynyň býujetlerinden, şol sanda mekdeplerden, polisiýadan, prokuraturadan hem Lebapdaky tebigy harasat bilen baglylykda pullaryň tutulyp galynjakdygy duýdurylýar.

“Welaýatyň ähli etraplarynyň pudak we bank hasapçylaryny Balkanabada ýygnap, degişli edaralaryň býujetlerinden maliýe serişdelerini tutup galmak barada görkezme berildi” diýip, habarçy 12-nji maýda gürrüň berdi.

Bu maglumatlar boýunça ýerli welaýat we şäher häkimliklerinden kommentariýa almak başarmady.

Türkmen häkimiýetleri azyndan 30 adamyň ölümine sebäp bolan tebigy hadysanyň weýrançylykly netijelerini aradan aýyrmak üçin telekeçilerden, döwlet edara-kärhanalaryndan maliýe serişdelerini soraýan pursady, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň meýletin ýygnan ýardam pullarynyň ejir çeken ilata gowşurylmagyna rugsat bermeýär.

 

Bu aralykda, apy-tupandan bäri iki hepde töweregi wagt geçse-de, Lebap welaýatynyň ençeme sebitinde heniz hem elektrik togunyň ýola goýulmandygy bellenilýär. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň 11-nji maýda çap eden maglumatynda bellenilşi ýaly, Çärjew etrabynyň Jeýhun daýhan birleşiginiň Balykçy obasynda adamlar elektrik üpjünçiligini ýola goýmak üçin her hojalykdan 200 manat möçberinde pul toplapdyrlar.

Neşiriň maglumatyna görä, mundan öň oba ýaşulularynyň etrap häkimligine eden haýyşy netije bermändir. Resmiler ‘merkezden transformator ýollananda, şonda hem toguňyz bolar’ diýip, jogap beripdirler.

Lebapdaky ilatyň weýrançylykly harasatyň netijeleri bilen birlikde, ýiti azyk gytçylygy we maliýe ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan mahaly, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy harasatdan soňky bir hepdäniň dowamynda Owganystana we Russiýa gumanitar kömek ýollady.

10-njy maýda Russiýanyň Daşary işler ministrligi beýanat ýaýradyp, onda Türkmenistana muzdsuz beren 1 müň tonna golaý gumanitar kömegine minnetdarlyk bildirdi. Maglumatda bellenilşi ýaly, iberilen harytlaryň arasynda azyk önümleri, gurluşyk serişdeleri hem bar.

 

Galyberse-de, düzüminde azyk harytlary, gök we miwe önümleri, towuk ýumurtgasy hem bolan Owganystana iberilen ýüki “Talyban” jeňçileri talapdy.

Resmi Aşgabat weýrançylykly tebigy hadysa we adam ýitgileri barada dymýan wagtynda düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy 4-nji maýda türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan beýanat çap etdi.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Минэкомразвития предлагает заселять в российские отели по водительским правам

Spiegel: пропал осужденный в России немецкий бизнесмен Ральф Новак

После стрельбы из винтовки на севере Москвы два человека получили телесные повреждения

Столичное предприятие оцифровало плакаты советского и российского кино для выставки в рамках ПМЭФ

Музыкальные новости

Обманул сына, бросил жену в 90 лет и потерял дочь: яркая жизнь Бедроса Киркорова

«Зенит» добыл волевую победу в матче с «Балтикой» и завоевал Кубок России

Глава СКР Бастрыкин запросил доклад об оскорблении таксистом участников СВО

Филиал ФГБУ «ЦЖКУ» Минобороны РФ начал эксплуатацию социальной и военной инфраструктуры

Новости России

Целился в голову. На севере Москвы мужчина расстреливал прохожих

Безвиз между РФ и КНР для групп из трех человек запустят в 2025 году

Ольга Тимофеева: «Экологическая повестка волнует ...

Spiegel: пропал осужденный в России немецкий бизнесмен Ральф Новак

Экология в России и мире

Создайте стильный образ из самых простых вещей в гардеробе

3 детские зубные щетки "Ревилайн" по цене 2 в магазине "Ирригатор.ру" ко Дню защиты детей

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

Пегас сделал важное заявление по Египту: стали известны цены на туры на предстоящую зиму

Спорт в России и мире

Елена Рыбакина добилась впечатляющего достижения

Джокович совершил суперкамбэк на Ролан Гаррос и установил абсолютный рекорд

Теннисист Джокович побил рекорд Федерера по победам на турнирах "Большого шлема"

Теннисистка из Пятигорска вышла в четвёртый круг турнира Большого шлема

Moscow.media

Стартовал ремонт 25 км трассы Нижний Новгород – Великий Устюг в Костромской области

Терминал сбора данных (ТСД) промышленного класса SAOTRON RT42G

RooX UIDM защитит от перехвата токенов

Студенты Академии Игоря Крутого раскрыли свои таланты







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *