Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen hökümeti sosial aralygy saklamak çäresini äsgermeýär, prezident özüni we ýakynlaryny COVID-19-dan goramak üçin çäre görýär

Türkmen hökümeti sosial aralygy saklamak çäresini äsgermeýär, prezident özüni we ýakynlaryny COVID-19-dan goramak üçin çäre görýär

COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýan sanlyja dünýä ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistan BSG-niň sosial we arassaçylyk rekomendasiýalarynyň ençemesini, şol sanda adamlaryň sosial distansiýa saklamagy, kontaktdan gaça durmagy, medisina maskalaryny dakynmagy, jemgyýetçilik ýerleriniň uçdantutma dezinfeksiýa edilmegi we ilat arasynda keseli anyklamak boýunça testleri giň derejede geçirmegi ýaly çareleri berjaý etmeýär. Emma bu ýagdaýda ýurduň prezidenti özüni we öz ýakynlaryny goramak üçin çäre görýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň sözlerine görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirus keseliniň potensial howpy bilen baglylykda ýaşaýan ýerini üýtgedipdir.   

"Prezident ýaşaýan ýerini üýtgetdi. Powrizede diňe onuň ejesi we kakasy galdy, özi bolsa gündogara öňki Manyş obasyna geçdi. Olara koronawirusyň ýokmagyndan howatyrlanýar" diýip, Aşgabatdaky çeşmämiz 12-nji maýda habar berdi. Şeýle-de, çeşmämiz prezidentiň kesel däldigini, distansiýa saklamagynyň bolsa öz ýakynlaryna "özünden ýa-da janpenalaryndan ýokmak ähtimallygyndan howatyr etmegi" bilen baglydygyny belleýär. 

Bellemeli ýeri, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet telewideniýesinde görkezilýän pursatlarda resmilerden aralygy saklaýar. Üstesine, soňky ýylyň dowamynda prezidentiň hökümet agzalary bilen maslahatlary köplenç distansion görnüşde, ýagny wideo şekilli geçirilýär. Emma türkmen hökümeti, ilaty heläkçilikli COVID-19 keselinden goramak üçin şu wagt ähli ýurtlarda görülýän sosial distansiýa çäresini türkmen hökümeti öz ilatyny goramak üçin ulanmaýar.

Aşgabatdan 7-9 kilometr aralykda jülgede ýerleşýän Manyşdaky rezidensiýa barada maglumat köp däl. Mälim bolşuna görä bu ýerde 2018-nji ýylyň aprel aýynda ýaşaýyş jaýlar ýumrulyp başlanypdy, ýerli ilat göçürilipdi. Sol ýylyň iýul we oktýabr aýlarynda Aşgabadyň şol taradan gelýän ýollarynyň ugurndaky ýaşaýyş jaýlar hem ýumrulypdy.

"Rezidensiýa öň guruldy. Aýal dogany üçin diýilýärdi. Häzir bolsa onuň özi şol ýere göçdi. Ene-atasyna ýokuşdyrmajak bolýar. Onuň ýanynda adam köp bolýar aşpezler, janpenalary, arassaçylyk işgärleri. Häzir hemmesini Pöwrizeden çykardylar. Ene-atasy kesellänok, emma berk karantinde" diýip, Aşgabatdaky ygtybarly çeşmämiz adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen gürrüň berdi.

Bellemeli ýeri, şäheri gündogar tarapyndan uzaýan Andalyp köçesi ýaňy-ýakynda protokol köçesine öwrüldi. Türkmenistanda onlarça ýylyň dowamynda prezidentleriň köşgüne barýan esasy ýollary yzygiderli böwetlenip durýar, ýerli ýaşaýjylara awtoulaglaryny öýüniň golaýynda goýmak, öýden çykmak, aýnalary açmak ýa-da golaýyna barmak gadagan edilýär. 

 

Andalyp köçesiniň haçan protokol köçesine öwrülendigi belli däl. Aşgabadyň administrasiýasy düşündiriş bermeýär. Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, köçäniň ýapylmagy, ulaglaryň sürelip, äkidilmegi we adamlaryň köçeden kowulmagy ýaly ýagdaýlar soňky iki aýyň dowamynda ýüze çykýar. Şu wagt bu ýagdaý tas günde gaýtalanýar.

Türkmen häkimiýetleriniň ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýan wagtynda, Azatlygyň habarçylary paýtagtyň keselhanalaryna COVID-19 keseli tassyklanan hassalaryň welaýatlardan getirilýändigini, üstesine ýogalýanlaryň sanynyň, geçirilýän patalaryň esli köpelendigini aýdýarlar.

22-nji aprelde Türkmenistanyň saglyk ministri ýurtda koronawirusy anyklamak üçin 30 000 sany testiň bardygyny, ýene 40 000 testiň Orsýetde, Türkiýede we Germaniýada zakaz edilendigini habar berdi. Emma ol näçe testiň geçirlendigini aýtmady.

Häzirki wagtda türkmen hökümeti tarapyndan çözülmän galýan agyr meseleleriň biri ýurduň daşynda galan Türkmenistan raýatlarynyň ykbalyna degişli. Uçar gatnawynyň ýatyrylmagy sebäpli Türkmenistanyň ençeme raýaty ýurduna dolanmak mümkinçiliginden mahrum boldy.

Garaşsyz neşri Turkmen.news türkmenistanlylaryň Hindistandaky häzirki ýagdaýy barada habar berýär. 

"Dürli diagnozly adamlar, ulular, çagalar we olaryň ýakynlary. Olaryň öýlerinde başga çagalary hem ýeke galdy, käbirleri gaty kiçi ýaşly, hiç kim munuň şeýle bir uzaga çekjegini pikir etmändi. Ýaş çagasyny bejermek üçin baran göwreli zenanlar hem bardy, olar öýüne dolanmagy planlaşdyrýardy, emma çagalary ýat ýurtda doguldy. Indi olaryň elinde bir näsag we bir ýaňy bolan bäbek bar. Olaryň maşgala agzalary hem yzyndan baryp bilmeýär" diýip, neşir Hindistanda galan aşgabatly zenany sitirleýär.

Maglumatda hassahanada almak üçin töleg etmelidigi, çykmak üçin bolsa jaý kereýe almaly bolýandygy, emma türkmenistanlylaryň köpüsiniň pulsuz galandygy bellenýär.   

Türkmen häkimiýetleriniň ýat ýurtlarda galan raýatlaryna nähili kömek edmegi göz öňünde tutýandygy belli däl. Daşary ýurtlardaky türkmen ilçihanalarynyň websaýtlarynda raýatlaryna ýardam etmek barada takyk maglumat çap edilmeýär. Ilçihanalaryň wekilleri kommentariý bermekden saklanýar. Daşary ýurtlarda horluk çekýän türkmen raýatlary bolsa ilçihanalarda kömek bermekden ýüz öwürýändiklerini aýdýarlar.  

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Москва и Пекин расширят сотрудничество, если США развернут РСМД

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» легально изготавливает армии и спецслужбы. 6 серия. СЕРЬЁЗНЫЙ НОВОСТНОЙ СЕРИАЛ.

Космонавту из Новосибирска Анне Кикиной вручили «Золотую Звезду» Героя России

Юные мотогонщики из Нижнего Новгорода завоевали четыре медали на Supermoto

Музыкальные новости

Сотрудники Росгвардии задержали устроившего стрельбу с балкона мужчину в Подмосковье 

Дизайнер Наталья Душегрея выпустила капсульные коллекции Весна-Лето 2024

Концерты оркестра Бутмана посмотрели более 50 миллионов китайцев

Футбольный фестиваль «ЦСКА — все сюда!» пройдет в Домодедове

Новости России

Онколог Марина Шорина: «Раковая опухоль потребляет колоссальное количество энергии из запасов человека»

Космонавту из Новосибирска Анне Кикиной вручили «Золотую Звезду» Героя России

POMPEYA и O! МАРГО выступят на фестивале «НЕБО»

Международный День защиты детей вместе с LES Art Resort и КидБург

Экология в России и мире

Коллекция купальников Love Republic

Россиянам озвучили цены на отдых в Крыму, которые приятно удивили

Третья Московская неделя моды: масштабное событие с участием дизайнеров из России и мира пройдет в октябре

Ozon открывает новый фулфилмент-центр в Ставрополье

Спорт в России и мире

Теннисистка Петрова: Карацеву не хватает игровой уверенности

Повернення Калініної до топ-50 та втрачені позиції Світоліної. Оновлені тенісні рейтинги WTA та ATP

Матч Котова и Вавринки перенесли на корт Сюзанн Ленглен

Касаткина о романе Синнера и Калинской: рада, больше ничего не хочу говорить

Moscow.media

ALMI Partner и «Даком М» будут совместно развивать и продвигать отечественные ИТ-решения

Завершен монтаж пролетного строения моста через Волгу на обходе Твери

Стоматолог Владимир Лосев: сколько времени нужно носить брекеты

Крупная авария в деревне Образцово Орловского МО. Движение затруднено







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *