Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Dünýäde COVID-19-dan 300 müňden gowrak adam öldi

Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, dünýäde koronawirus ýokaşmasyndan ölenleriň sany 300 müňden geçdi. Epidemiýa başlaly bäri dört milliondan gowrak adamda täze görnüşli wirus ýokaşmasy ýüze çykaryldy, 1 million 700 müňe ýakyn näsag bu dertden gutuldy.


COVID-19 näsaglarynyň sany boýunça öňdeligi ABŞ eýeleýär. Bu ýurtda bir million 400 müňden gowrak adamda wirus diagnozy tassyklandy. 85 müňden gowrak näsag bu dertden heläk boldy.


Wirus ýokaşmalary boýunça ikinji orunda Orsýet durýar. Resmi maglumatlara görä, bu ýurtda 250 müňden gowrak COVID-19 näsagy ýüze çykaryldy. Iki müňden gowrak adam bolsa bu dertden ýogaldy.


Üçünji orunda Angliýa durýar. Bu ýurtda 230 müňden gowrak adamda koronawirus tapyldy. 33,5 müňden gowrak näsag bu dertden ýogaldy.


Golaýda “The Financial Times” we “The New York Times” Orsýetdäki resmi statistika maglumatlaryndan peýdalanyp, Moskwada we Sankt-Peterburgda COVID-19-dan ölenleriň sanynyň resmi görkezilişinden 70% köp bolup biljekdigini habar berdi.


Orsýetiň Daşary işler ministrligi bu maglumatyň ýalňyşdygyny aýdyp, onuň üçin ötünç soralmagyny talap etdi.


Täze görnüşli koronawirus geçen ýylyň ahyrynda Hytaýda ýaýramaga başlady. Bu kesel kem-kemden beýleki ýurtlara-da ýaýrady. Birleşen Ştatlar Hytaýy kesel howpy barada giç habar bermekde aýyplaýar. Pekin bu meselede özüne bildirilýän aýyplamalaryň ählisini ret edýär.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *