Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Adalat ministrligi Gülnara Kerimowanyň $10 mln möçberindäki pulunyň yzyna getirilendigini aýdýar

Özbegistanyň Adalat ministrligi Gülnara Kerimowanyň Fransiýadaky emläklerinden 10 million dollar möçberindäki serişdäniň Özbegistana, yzyna gaýtarylandygyny habar berdi.


"Özbegistanyň Adalat ministrliginiň we Baş prokuraturasynyň, ygtyýarly edaralarynyň gatnaşmagynda, 2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Gülnara Kerimowanyň emlägini ýurda gaýtaryp bermek baradaky tagallalar netijesinde, onuň Fransiýadaky 10 million dollarlyk emälgi Özbegistana gaýtaryldy" diýip, Adalat ministrliginiň beýannamasynda aýdylýar.


Yza gaýdyp gelen serişdeleriň Özbegistanyň döwlet býujetine geçirilendigi we umumy düzgünler esasynda ulanyljakdygy habar berildi.


Ministrligiň metbugat gullugy ähli gepleşikleriň we emläkleri yzyna gaýtarmak boýunça görülýän çäreleriň, Özbegistanyň kanunçylygyna we halkara hukugyna laýyklykda, resmi derejede geçirilýändigini aýtdy.


Häzir Baş prokuratura bilen Adalat ministrliginiň, degişli bölümleriň gatnaşmagynda, Şweýsariýanyň, Birleşen Ştatlaryň, Fransiýanyň, Orsýetiň we beýleki ýurtlaryň ygtyýarly edaralary bilen bilelikde, Gülnara Kerimowanyň jenaýatçylykly usulda toplan 1,3 milliard dollardan gowrak serişdesini yzyna gaýtarmak üçin işleýändigi habar berildi.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *