Özbegistan käbir çäklendirmeleri aýyrýar, ýöne karantini 1-nji iýuna çenli uzaldýar
Koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin girizilen käbir çäklendirmeleri ýeňletmek barada gelen kararyna garamazdan, Özbegistan karantiniň möhletini ýene 15 gün uzaltdy.
Hökümetiň ýörite komissiýasy 14-nji maýda karantiniň 1-nji iýuna çenli dowam etjekdigini aýtdy, ýöne käbir kärhanalara 15-nji maýdan başlap işini dowam etdirmäge rugsat berler.
Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdunda, resmi maglumatlara görä, 2652 koronawirus ýokaşmasy we 11 ölüm hasaba alyndy.
Goňşy Gazagystanyň paýtagtda jemgyýetçilik ulaglarynyň işleýiş tertibi iki sagat uzaldyldy: Nur-Soltanda awtobuslar indi 6:00-dan 22:00-a çenli işlemeli.
Gazagystanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagy sebäpli girizilen adatdan daşary ýagdaýy 11-nji maýda ýatyrdylar, ýöne sebitlerdäki epidemiologiki ýagdaýa baglylykda, karantin çäklendirmeleriniň kem-kemden aýryljakdygyny mälim etdiler.
Gazagystanda wirus ýokaşanlaryň resmi sany 5850-e ýetdi. 34 adam COVID-19-yň pidasy boldy.
Resmiler Täjigistanda resmi tassyklanan wirus näsaglarynyň sanynyň 907-ä ýetendigini, 29 adamyň ölendigini habar berdiler.
Gyrgyzystanda 1111 wirus näsagy, 14 ölüm hasaba alyndy.
Türkmenistan sebitde koronawirus näsagy resmi taýdan hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt bolmagynda galýar.
Hünärmenler hökümetde aç-açanlygyň we ýurtda garaşsyz metbugatyň ýoklugyny göz öňünde tutup, Aşgabadyň sözlerine şübheli garaýarlar.