Ýewropa wirus çäklendirmelerinden çykýar, kesellänleriň sany azalýar
Ýewropada koronawirus bilen keselleýänleriň sanynyň azalmagy, emma pandemiýa garşy çäreleriň global ykdysadyýete ýetiren täsirlerine bildirilýän aladalanmalaryň güýçlenmegi bilen baglylykda çäklendirmeleriň gowşadylmagy dowam etdirilýär.
Kontinentiň ähli künjeklerinde ybadathanalar, taryhy ýerler, dükanlar, restoranlar we barlar köpçülikleýin açylyp başlady.
COVID-19 keseliniň esasy ojaklarynyň biri bolan Italiýada Watikanyň Sankt Peter ybadathanasy köpçülik üçin açyldy. 10-njy martdan bäri ýapyk duran ybadathananyň içine adamlar az sanda we distansiýa saklamak şerti bilen salynýar. Italiýada COVID-19 keselinden 31 750 müň adamyň wepat bolandygy hasaba alyndy. Heläkçilikli ýagdaýlaryň gündeki sany kem-kemden azalyp, 18-nji maýda 145 adama çenli azaldy.
Gresiýada Afinlerdäki Akropol we daşardaky arheologiýa ýerleri iki aýdan soň köpçülik üçin açyldy.
Dünýä boýunça koronawirus bilen hasaba alnanlaryň sany 4.7 milliona ýetdi, 315 müňden gowrak adam wepat boldy.
BSG-nyň koronawirus boýunça karar çykaryjy edarasy Dünýä saglyk assambleýasy 18-nji maýda iki günlük onlaýn maslahatyna başlaýar.