Özbegistanda musulmanlaryň Oraza baýramy üçin köpçülikleýin namaz okamagy gadagan edildi
Bu ýyl musulmanlar Eýd al-Fitr baýramçylygynda köpçülikleýin doga etmek borjundan boşadyldy diýip, Özbegistan Musulmanlar edarasynyň Ulema geňeşiniň 22-nji maýda eden beýanatynda aýdylýar.
"Özbegistan Musulmanlarynyň Ulama Geňeşi tarapyndan berlen fatwa esasynda, karantin döwründe metjitlerde namaz okamagyň gadagan edilendigini nazara alyp, musulmanlar Eýd al-Fitr baýramynda bilelikde namaz okamak borçlaryndan boşadyldy" diýip, beýanatda aýdylýar.
"Watandaşlara gün dogandan soň öýlerinde dört rekagat namaz okamak maslahat berilýär" diýip, beýanatda bellenilýär.
Şol bir wagtyň özünde, baýramyň öňüsyrasynda we dynç alyş günlerinde garrylaryň we näsaglaryň hal-ýagdaýyny soramak, şeýle hem baýramy gutlamak we karantiniň talaplaryna laýyklykda beýleki däp-dessurlary berjaý etmek maslahat berilýär.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 24-nji maýda ýurtda Eýd al-Fitr baýramyny bellemek barada karara gol çekdi.
Birnäçe gün ozal Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Ulema geňeşleri hem şu ýylköpçülikleýin namazlaryň okalmajakdygyny habar berdiler.