ABŞ Russiýany Liwiýa harby uçarlaryny ýollamakda aýyplady
ABŞ Russiýany Liwiýada halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hökümete garşy göreşýän ýerli harby kommandiriň tarapynda söweşýän rus hakyna tutma söweşijilerine ýardam etmek üçin harby uçarlaryny ýollamakda aýyplady.
Rus harby uçarlary Liwiýa Siriýadan geldi. Olar şahsy alamatlaryny gizlemek üçin ilki başga reňke boýaldy diýip, ABŞ-nyň Afrika boýunça kommandowaniýesi 26-njy maýda mälim etdi.
“Uzak wagtlap Russiýa Liwiýadaky dowam edýän konflikte gatyşmagynyň doly gerimini inkär edip gelýärdi. Indi ol muny inkär etmeýär. Biz Russiýanyň dördünji nesil uçarlaryny Liwiýa getirendigini, olaryň ýoldaky ähli ugruny synladyk” diýip, AFRICOM-yň kommandiri, ABŞ-nyň armiýa generaly Stefen Townsend aýtdy.
AFRICOM rus uçarlarynyň Liwiýa ýakynda gelendigini belledi. Emma uçarlaryň anyk sany barada maglumat berilmedi.
Kreml bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýandygy aýdylýan hakyna tutma harby “Wagner Topary” Liwiýada Halifa Haftaryň güýçlerine Milli Ylalaşyk Hökümetine garşy söweşmäge ýardam edýär.
Şu aýyň başynda BMG-niň hödürlän hasabatynda rus hakyna tutma söweşijileriniň sanynyň 800-den 1 müň 200 aralygyndadygy bellenipdi.
Moskwa rus hökümetiniň hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny aýdyp gelýär.
Rus parlamentiniň aşaky öýüniň, ýagny Dumanyň goranmak komitetiniň başlygynyň orunbasary Andreý Krasow ABŞ-nyň aýyplamalaryny ret etdi we olary “ýalan maglumat” atlandyrdy.