ABŞ we 'Talyban' Owganystana parahatçylyk getirmek barada gepleşikleriň täze tapgyryny geçirdiler
ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy gazanmak boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad Katarda "Talybanyň" syýasy baştutany bilen gepleşikleriň täze tapgyryny geçirdi.
"Talybanyň" metbugat-wekiliniň 7-nji iýunda Twitterde ýazmagyna görä, Halilzad we Molla Abdul Ghani Baradar ýesirleri boşatmak we owganara gepleşiklere başlamak meselelerini ara alyp maslahat edipdir.
Fewral aýynda ABŞ we "Talyban" topary 18 ýyllap dowam edýän uruşy tamamlamak maksatly ylalaşyga gol çekdiler. Owganystandaky uruş ABŞ-nyň öz taryhynda gatnaşan iň uzaga çeken konfliktdir. Ylalaşyk ABŞ-nyň goşunlarynyň Owganystandan çekilmegini we "Talybanyň" howpsuzlyk borçnamalaryny öz içine alýar.
Şeýle-de, dokumentde Kabulyň 5 müň "Talyban" ýesirini boşatmagyny, "Talybanyň" bolsa owgan esgerleriniň 1000 goýbermegini, bu hereketiň owganara gepleşiklerine ýol açmagyny talap edýär.
Bu aralykda Zalmaý Halilzad 7-nji iýunda Pakistanyň goşun ýolbaşçysy general Kamar Jawed Bajwa bilen duşuşdy. ABŞ-nyň Yslamabatdaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, taraplar "owganara gepleşikleriň başlanmagy üçin zerur ädimleri" maslahat edipdir.