Russiýa koronawirus çäklendirmelerini gowşadyp, Moskwada petiklenme çärelerini ýatyrdy
Premýer-ministr Mihail Mişustiniň kararyna laýyklykda, 9-njy iýundan başlap ruslara näsag garyndaşlaryna ideg etmek, iş, bilim ýa-da saglyk bejergisini almak üçin daşary ýurda gitmäge rugsat berilýär.
Şeýle-de, onda daşary ýurtlularyň garyndaşlaryna seretmek ýa-da saglyk bejergisini almak üçin Russiýa girip biljekdigi hem aýdylýar.
“Ertirden başlap, öz-özüňi izolýasiýa etmek düzgüni ýatyrylýar” diýip, şäher häkimi Sergeý Sobýanin 8-nji iýunda ýaýradan beýanatynda aýtdy.
John Hopkins uniwersitetiniň maglumatyna görä, Russiýada 476000-den gowrak koronawirus näsagy hasaba alyndy we bu san onuň wirus ýokuşan adamlaryň sany boýunça, ABŞ-dan hem-de Braziliýadan soň,dünýäde üçünji orunda durýandygyny görkezýär.