Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenabatda hassahananyň daşy gabaldy, Daşoguzda COVID-19 karantini üçin çadyr lageri döredildi

Türkmenabatda hassahananyň daşy gabaldy, Daşoguzda COVID-19 karantini üçin çadyr lageri döredildi

Türkmenabatdaky köpugurly hassahananyň işgärinde koronawirusyň anyklanmagy bilen bagly ýagdaýyň yzýany onuň daşy gabaldy. Daşoguzda bolsa COVID-19 karantini üçin çadyr lageri döredildi. Bu ýagdaýlar Aşgabatda agyr öýken çişmesi bilen kesellänleriň köpelen wagtyna gabat geldi. Häkimiýetler bu ýagdaýlary resmi taýdan kommentirlemeýärler we ýokanç COVID-19 keseliniň ýurtda ýokdugyny aýtmagyny dowam etdirýärler. 

Türkmenabadyň keselhanasynda COVID-19 keseliniň tutaşan bolmagy ähtimal.   Lebapdaky çeşmelerimiz saglyk merkeziniň ýokanç keseller bölüminiň daşynyň gabalandygyny 11-nji iýunda habar berdiler.

"Türkmenabatda täze infeksion keselhanada MHM-niň işgärleri bar ýerleriň daşyny gabadylar, hatda polisiýanyň işgärleri-de ol ýerde näme bolýandygyndan bihabar. Maňa mälim bolşuna görä, koronawirus tutaşypdyr, hiç kimi içine we daşyna goýbermeýärler" diýip, 11-nji iýunda Türkmenabatdaky çeşmämiz aýtdy. 

Bu saglyk merkezinde bolup geçýän ýagdaýlaryň sebäbini hassahananyň özünden resmi ýoldan anyklap bolmady.

Azatlyga bir gün öň mälim bolşuna görä, duşenbe güni 8-nji iýunda keselhananyň bir işgärinde COVID-19 keseli anyklanypdyr. Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmeleriň maglumatlaryna görä, ýerli köpugurly keselhanada anesteziolog lukmanyň kömekçisi bolup işleýän şepagat uýasynda COVID-19 tapylyp, ol tutuş maşgalasy bilen, şeýle-de işde kontaktda bolan adamlar, hem ýaşaýan ýerindäki käbir goňşulary bilen bilelikde karantine alnypdyr.

 

Azatlyk Radiosyna şepagat uýasynyň ady we bu ýagdaýyň beýleki jikme-jikleri mälim boldy, emma biz olaryň üstüni açmakdan saklanýarys. Çeşmämiz zenana keseliň Hytaýdan gelen student gyzdan ýokaşan bolmagynyň çak edilýändigini aýdýar. Student gyzyň ýagdaýy agyr bolup, ol operasiýa edilipdir, emma ýogalypdyr. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda ilat arasynda agyr pnewmoniýa, ýagny öýken çişmesi keseliniň ýaýramagy möwç alýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň 10-njy iýunda habar bermegine görä, hususan-da Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasy öýken çişmesi bilen kesellän hassalardan hyryn-dykyn. Merkeziň işgärleriniň gizlinlik şerti bilen gürrüň bermegine görä, keseliň köpelmeginiň netijesinde dörän ýagdaý agyr, käbir hassalar oran erbet halda gelýärler, ölýänler bar.​ ​Lukmanlar bu pnewmoniýa COVID-19 keselinden başga zat däl diýip, hasap edýärler.​

Habarçylarymyz paýtagtyň ýokanç keseller hassahanasynda koronawirusyň bolmagy güman edilip saklanýan adamlar üçin karantin zonasynyň bardygyny aýdýarlar. 

"Ýokanç keseller hassahanasyndaky karantinde bronhit we pnewmoniýa bilen kesellän adamlar köp, emma olarda wirusy tassyklamadylar. Olary 14 gün saklaýarlar. Olaryň yzyndan barýan garyndaşlaryndan derman getirmegi talap etmeýärler. Saklanýan şerleri gowy. Yzyndan azyk eltmäge rugsat berýärler. Şol hassalaryň öýlerine baryp gowy dezinfeksiýa geçirýärler" diýip, habarçymyz 11-nji iýunda habar berýär.

Bu aralykda Azatlygyň habarçylary, Daşoguzda koronawirusly hassalar üçin çet ýerde karantin zonasynyň döredilendigini habar berýärler. Çadyr lageri Daşoguz şäheriniň daşynda çölde ýerleşýär: "Ol ýerdäki şertler aýylganç, Lebapdakydan köp ýaramaz. Suw ýok, elektrik togy kesilýär, sowadyjylar barada gürrüň ýok. Hatda işgärler üçin hem" diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk Radiosyna Daşoguz welaýatynda COVID-19 keselinden ýogalan birnäçe adam barada habar gowuşdy, emma biz şol maglumatlary beýleki çeşmelerden entek doly tassyklap bilmedik.

Ýatlatsak, BSG-niň COVID-19 boýunça bilermenleriniň apreliň aýagynda Türkmenistana barmak planlaryny mälim etmeginiň yzýany Türkmenistanyň koronawirus karantinleri birden boşap galypdy. Şol ýerdäki adamlaryň nirä göçürlendigini takyk anyklap bolmandy. Emma BSG-niň missiýasynyň Türkmenistanda koronawirus bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin planlaşdyran şol sapary häzire çenli başa barman galýar. 

 

Türkmenistanda şu çaka çenli karantin zonalaryň Türkmenabatda, Aşgabatda we Balkan welaýatynda bardygy mälim bolupdy. 

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 keseliniň bolmagyny ret edip çykyş edýän hem bolsalar, muny tassyklaýan hiç bir resmi subutnama görkezmeýärler. Bu keseli anyklamak boýunça işlere degişli resmi sanlary we hatda ilatyň umumy saglyk ýagdaýyna degişli statistikany köpçülige hödürlemeýärler.

Saglygy saklaýyş ministri ýurtda 151 sany adamyň karantinde saklanýandygyny we koronawirusy anyklamak üçin jemi 30 müň sany testiň bardygyny we 40 müň testiň daşary ýurtlardan indi gelmegine garaşylýandygyny 22-nji aprelde habar beripdi. Emma şondan bäri näçe testiň geçirlendigini türkmen resmileri agzamaýarlar. 

15-nji maýda saglyk ministriniň beren hasabatynda, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça adatdan daşary komissiýanyň tomus möwsüminde Awazada köpçülikleýin medeni çäreleriň geçirilmegini azaltmak we deňizde suwa düşmegi çäklendirmek ýaly kararlara gelendigini aýtdy. Ol bu karary COVID-19 pandemiýasy bilen düşündirse-de keseliň bardygyny aýtmady.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Студенты Подмосковья посетили станцию скорой медицинской помощи

Жителей и гостей Подмосковья приглашают 6 июня на Пушкинский бал

В Евпатории появится уютный жилой квартал "Кубики"

В Тутаеве назвали дату проведения Дня города

Музыкальные новости

Генпрокуратура потребовала передать государству велотрек с Олимпиады-80

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

«Зенит» добыл волевую победу в матче с «Балтикой» и завоевал Кубок России

Солнечные дети на сцене Кремля

Новости России

Рождение Оазиса: продюсер Акылсерик Садвакасов рассказал, как родилась идея создания образовательной конференции OASIS

Школьник из Подмосковья стал фотокорреспондентом Кубка России по футболу

Собянин рассказал о работе хаба молодежного предпринимательства

В Москве мужчина в ходе конфликта зарезал прохожего

Экология в России и мире

Областная наркологическая больница запускает летнюю профилактическую кампанию для юных свердловчан

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

Вкусно и полезно: лучшие сезонные фрукты и ягоды, которые стоит включить в рацион летом, чтобы получить витаминный заряд

С чем носить юбку этим летом: примеры стильных образов

Спорт в России и мире

Ига Свёнтек одержала 40 побед над теннисистками из топ-10 рейтинга WTA

Елена Рыбакина добилась впечатляющего достижения

«Контракта на экипировку у меня до сих пор нет» // Теннисистка Анна Калинская о лучшем сезоне в своей карьере

Мирра Андреева обыграла представительницу Франции Грачеву на "Ролан Гаррос"

Moscow.media

Правительство РФ направило дополнительные средства на завершение строительства трассы Гузерипль – плато Лагонаки в Адыгее

Талантливый актер и неугомонный скандалист - несчастная судьба и ранний уход Николая Сектименко

Завершен пятый этап надвижки моста через Каму

Пожар в пятиэтажке унес жизнь неосторожного курильщика







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *