Bişkek şäheriniň häkimi Aziz Surakmatowa koronawirus ýokaşdy
Bişkek şäheriniň häkimi Aziz Surakmatowa koronawirus ýokaşdy. Muny häkimligiň başlygy Balbak Tulobaýew öz Facebook sahypasynda mälim etdi.
“Gynansagam, häkimiň soňky COVID-19 synagy oňyn netije berdi. Häkim soňky üç günden bäri izolýasiýa edildi, onuň gyzgyny uly däl. Häkim öýde, uzakdan işleýär, şäher we iş merkezi, şäher hyzmatlary we desgalary kadaly işleýär" diýip, Tulobaýew habar berdi.
Bir gün öň ol Bişkek şäher häkimliginiň iki işgäriniň koronawirusa ýolugandygyny, şäher häkimi Aziz Surakmatowyň synag netijeleriniň tersin bolandygyny, ýagny oňa keseliň ýokaşmandygyny habar berdi.
Gyrgyzystanda soňky bir gije-gündizde 192 sany täze koronawirus ýokaşmasy ýüze çykaryldy, olaryň 94-si Bişkekde.
Gyrgyzystanda koronawirus ýokaşan näsaglaryň umumy sany 2981-e ýetdi. Şolardan 1981 adam bejergiden soň eýýäm keselhanalardan çykaryldy, 35 adam öldi.