Öňki gyrgyz prezidenti Atambaýew 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi
Gyrgyzystanyň sudy 2013-nji ýylda jenaýat toparynyň lideri Aziz Batukaýewiň bikanun türmeden boşadylandygy üçin öňki gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewi 11 ýyl iki aý türme tussaglygyna höküm etdi.
Prokurorlar Birinji Maý etrap kazyýetinden 23-nji iýunda azatlykdan mahrum edilen öňki lideriň 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini soradylar.
Özüniň hiç bir kanuny bozmandygyny aýdýan 63 ýaşly Atambaýew geçen ýylyň awgust aýynyň başynda – howpsuzlyk güýçleri bilen onuň tarapdarlarynyň arasynda iki gün dowam eden çaknyşygyň yzýany – özüni polisiýa tabşyrandan soň tussag edildi.
2013-nji ýylda duýdansyz türmeden boşadylan we dessine Merkezi Aziýa döwletinden Russiýa giden Batukaýew birnäçe aýylganç jenaýatda, şol sanda gyrgyz kanunçykaryjysynyň we Içeri işler ministrliginiň işgäriniň öldürilmeginde günäli tapylypdy.