Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Saşa 3%? Belaruslar Lukaşenkanyň goldawynyň pese gaçmagyny ýaňsa alýarlar

Saşa 3%? Belaruslar Lukaşenkanyň goldawynyň pese gaçmagyny ýaňsa alýarlar

Pawel Belawus 12-nji iýunda ýörite bir posylkanyň gelmegine garaşýardy.             

Onuň Minskdäki ‘Symbal’ atly dükanynda belarus halk döredijiligine degişli harytlar, şol sanda ilkinji garaşsyz belarus döwletiniň gadagan edilen gyzyl çyzykly baýdaklarynyň kiçi görnüşleri hem satylýar. Bellemeli ýeri, uzak wagtdan bäri häkimiýeti eýeläp oturan prezident Aleksandr Lukaşenka ýurduň oppozisiýasy bilen häsiýetlendirilýän bu baýdaklara çydamsyzlyk bilen çemeleşýär.

Belawus dükanynyň tekjelerini, alyjylaryň uly islegine eýe boljakdygyna ynam bildirýän, ýene başga bir haryt bilen doldurmagy niýetlenýärdi. Emma bu harydyň awtoritar lideriň göwnünden turmandygyna çalym edýär.

Belawus ýüzünde ak we gyzyl syýa bilen ‘Psiho3%’ ýazgy ýerleşdirilen gara maýkalaryň 419 sanysyny printerde çap etdi.

‘Psiho3%’ atly internet memi bilen Lukaşenkanyň koronawirus pandemiýasyny ‘psihoz’, ýagny ‘dälilik’ diýip atlandyryp ony ret etmegi we resmi bolmadyk pikir soralyşyklarda ilatyň oňa az goldaw bildirýändigi aýdylýan sanlar ýaňsylanýar. Bu memiň ‘Saşa3%’ diýen görnüşi hem ýaýrandyr.

Bu maýkalar hiç haçan dükana gelip ýetmedi. Maýkalary alyp gelýän kurýeri ýolda ýol gözegçilik gullugy saklady. Mundan soň, resmiler Belawusa basyş edip başladylar. Munuň netijesinde, ýakynda Belawus 29-njy iýunda dükanyny ýapýandygyny we onlaýn söwda geçýändigini yglan etdi. Soňky günleriň dowamynda Belawusyň goldawçylary we beýlekiler, raýdaşlyk yşaraty hökmünde, dükandan haryt satyn almak üçin, onuň öňünde nobata durdular. Polisiýanyň tolgunşyklara garşy OMON güýçleri nobatda duranlaryň ençemesini, dürli sebäplere, şol sanda ýol hereketine päsgelçilik döretmekde aýyplap tussag etdiler.

9-njy awgustda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda nobatdaky, 6-njy gezek häkimiýet başynda galmaga synanyşýan 65 ýaşly Lukaşenka üçin bu mem ýokuş degdi.

Oppozisiýa çydamsyzlyk

1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyryp gelýän Lukaşanka ilatyň bildirýän nägilelikleriniň iň esasysy bu – onuň hökümetiniň koronawirus pandemiýasy babatyndaky çäreleri bilen bagly. Belarusda Ýewropa boýunça, ilatyň her adam başyna görä, koronawirus bilen kesellemegiň iň ýokary görkezijileri hasaba alyndy. Lukaşenka sosial aralygy we beýleki çäreleri üpjün etmek boýunça edilen çagyryşlary ret etdi. Muňa derek, ol wodkanyň (aragyň), traktor sürmegiň, saunanyň koronawirusyň öňüni alyp biljekdigini aýtdy. Bu öňe sürmeler ýurduň daşynda ýaňsa alnan bolsa, ýurduň içinde ynamsyzlyk bilen garşylandy.

Lukaşenka hökümetini dargadyp, ilatyň goldawyny gazanamak maksady bilen pensiýalary artdyrjakdygyny we beýleki çäreleri söz berdi.

Lukaşenkanyň saýlaw prossesine doly gözegçilik edýändigini belläp, synçylaryň aglabasy onuň awgustda geçiriljek saýlawlarda ýeňiş gazanjakdygyny çaklaýarlar. Lukaşenkanyň häkimiýeti döwri geçirilen saýlawlaryň hiç biri-de Günbatar hökümetleri we synçylary tarapyndan açyk we erkin diýlip ykrar edilmedi. Bu gezekki saýlawlaryň hem üýtgeşik boljakdygyny aýdyp bolmaýar. Emma bu gezek, Lukaşanka öň hiç görülmedik garşylyk bilen ýüzbe-ýüz bolup dur.

Ol özüniň mümkin garşydaşlarynyň üçüsini tussaglyga ýerleşdirdi. Olaryň biri ozalky bankir Wiktar Babaryka. Onuň kampaniýasy ilatyň 435 müňden hem goluny toplamagy başardy. Belarusda entek oppozision dalaşgäriň şunça gol toplan ýeri ýok.

15-nji iýunda belarus resmileri Babarykanyň 20 ýyllyk ýolbaşçylyk eden ‘Belgazprombank’ täjirçilik bankyny ele geçirdiler. Bu bankyň aglaba paýy Russiýanyň gaz läheňi ‘Gazproma’ we onuň bilen ilteşikli ‘Gazprombanka’ degişlidir.

Aktiwistleriň, bloggerleriň, şeýle-de režimiň tankytçylarynyň ýüzlerçesi ýygnaldy. Olaryň arasynda Mikalaý Statkewiç ýaly mümkin beýleki dalaşgärler hem bar. Ol 2010-njy ýylda Lukaşenka garşy kandidat bolupdy we dawaly saýlawlardan soň dörän protestleriň dowamynda türmä basyldy. Oňa ‘rugsat berilmedik çärelere’ gatnaşandygy üçin berlen 15 gije-gündiz tussaglygynyň 15-nji iýunda tamamlanmagynyň yzýany, nobatdaky 15 gije-gündiz tussaglygy berildi.

Meşhur wlogger Sýarheý Tsikhanouski hem dalaş etmekden mahrum edildi. Oňa demokratik ýörişleri gurnandygy üçin 3 ýyla çenli türme tussaglygynyň hem berilmegi mümkin. Tsikhanouski belaruslara öý aýakgaplaryny alyp, tarakany basyp ýok etmäge çagyrdy. Bu Lukaşanka üstünden gülnüp berlen lakamdyr. Tsikhanouski saýlawlardan çetleşdirilse-de, häzir onuň aýalyny dalaşgär hökmünde hasaba almak ugrunda tagalla edilýär.

Saýlawlarda dalaş edip bilmek üçin, kandidatlar, şol sanda Lukaşenka hem 100 müň goly toplamaly. Onuň topary gerekli gollaryň toplanandygyny aýtdylar, käbirleri bolsa ony goldap 2 million adamyň gol goýandygyny bellediler.

“Meniň mertebämi peseltmäň!”

Synçylaryň käbiri bu sanlaryň hakyky ýagdaýlary açyp görkezýändigine şübheli garaýarlar. Ilatyň awtoritar lider we onuň alyp barýan işi baradaky garaýyşlary aglaba ýagdaýda näbelli bolmagynda galýar. 2016-njy ýyldan bäri ýurtda resmi pikir soralyşyk geçirilmedi. Şol ýyl Jemgyýetçilik-ykdysady we Syýasy bilimler boýunda garaşsyz institutyň çap eden pikir soralyşygynyň netijesinde, Lukaşenkany ilatyň 29,5%-niň goldaýandygy görkezildi. Mundan soň, bu institut Belarusdaky işlerini togtatmaga mejbur edildi.

Belarus habar serişdeleri, şol sanda öňdebaryjy Tut.by we Onliner.by neşirleri resmi bolmadyk pikiri soralyşygyň netijelerini çap edenlerinde, ‘Saşa3%’ memi döredi. Pikiri soralyşygyň netijelerine laýyklykda, Lukaşenkda 3% alyp, dalaşgärleriň arasynda dördünji boldy; ilkinji üç orny Babaryka, ýene bir telekeçi Waler Tsapkala we Tsikhanouski eýelediler.

Lukaşenka 23-nji iýunda Brestdäki battareý öndürýän zawodda eden çykyşynda özi baradaky memiň üstünde hem durup geçdi.

“Siz maýkalara ‘Saşa3%’ diýip ýazdyňyzmy? Siz dogurdanam häkimiýet başyndaky prezidentiň diňe 3% goldawynyň bardygyna ynanýarsyňyz? Hatda bu alternatiw mähelläniň arasynda hem men 3%-den köp alaryn. Meni ‘murtly tarakan’ atlandyrmagy, bizi kemsitmegi bes ediň. Men heniz hem bu ýurduň prezidenti. Dünýäniň hiç bir ýurdunda adamyň mertebesini depelemäge rugsat berilmeýär” diýip, Lukaşenka belledi.

Akym üýtgedimi?

Belawus kyn ýoly geçip, tejribe gazandy. Ol maýkalary ele salnandan soňra, resmileriň kompaniýanyň salgyt gullugyndaky maglumatlaryny hem barlap başlandyklaryny aýtdy. Mundan soň, dükanyň elektrik togy kesildi we goňşy binalardaky ýaşaýjylar dükandan ýaramaz ysyň gelýändigini aýdyp şikaýat etdiler.

23-nji iýunda Belawus özüniň Facebook hasabynda ýazgy galdyryp, adamlara dükandaky harytlar doly ele geçirilmezden ozal, olary satyn almaga çagyrdy.

Şol günüň özünde, onlarça adam dükanyň öňünde peýda boldy. Olaryň käbirleri haryt satyn almak, käbirleri bolsa öz goldawyny äşgär etmek üçin geldi. Mundan soň, sebite polisiýa işgärleri gelip adamlary dargadyp we tussag edip başladylar. Adam hukuklary boýunça iş alyp barýan hökümete degişli bolmadyk Wýasna toparynyň maglumatyna görä, azyndan 20 adam, şol sanda garaşsyz media serişdeleriniň wekilleri hem tussag edilipdir.

Belarusly synçy Waler Karbalewiç “Nastoýaşeýe Wremýa” telekanalyna beren interwýusynda, dowamly repressiýalara garamazdan, köçä çykmak isleýän adaty belaruslaryň barha köpelýändigini aýtdy.

“Lukaşenka häkimiýet başyna geleli bäri, Belarus 26 ýyl bäri gazaplylyk atmosferasynda ýaşaýar. Häzirki esasy ara-tapawut bu -  belarus hökümetiniň, Aleksandr Lukaşenkanyň syýasy režiminiň ilatyň goldawy ýitirmegidir. Lukaşenkanyň meşhurlygy gaçdy. Belarus jemgyýetiniň ýagdaýyndan çen tutulsa, onda belaruslaryň köpüsiniň häkimiýetde täzeçilligi görmek isleýändigini aýtsa bolar” diýip, Karbalewiç aýtdy.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Аварийные бригады Москвы перевели на круглосуточное дежурство из-за ливней

Ядерный блеф «старого ковбоя» и шулера - Джо Байдена

Мастер и Принцесса: в «Архангельском» вручили «Хрустальную Турандот»

Единый день диспансеризации проведут в Химках 15 июня

Музыкальные новости

Глава СК Бастрыкин пообещал защитить гаишника Гусева от диаспоры и МВД Новосибирска

Валерия Олюнина: Особенности армянофобии в России и Александр Артамонов. Армения и Ватикан

«Эмоции нужно выражать культурно»: рэпер Звонкий — о политических взглядах, зрителях и хорошем вкусе

Создание и продвижение КАНАЛА, ГРУППЫ или ЧАТА в WhatsApp, Telegram, Там Там и других мессенджерах.

Новости России

Областной проект «Умные каникулы» начался в Химках

Сегодня в Магаданской области пройдет последний ЕГЭ основного периода по биологии, истории и английскому языку

Против сотрудника НИИ ФСИН возбудили уголовное дело

Взято место: «Непослушники» возглавили российский прокат

Экология в России и мире

Создание и продвижение КАНАЛА, ГРУППЫ или ЧАТА в WhatsApp, Telegram, Там Там и других мессенджерах.

Адские цены на Сочи и Анапу заставили российских туристов найти новые пути экономии

Proenza Schouler, коллекция pre-fall 2024

Комплект зубных щеток для детей Revyline S4800 "Чебурашка" появился в филиале бренда в Уфе

Спорт в России и мире

Испанец Карлос Алькарас выиграл Открытый чемпионат Франции по теннису

Тарпищев о Медведеве и Рублеве: без травм сыграют в Париже лучше, чем в Токио

Новак Джокович дал дорогу молодым // Борьбу за первое место в рейтинге АТР в этом году поведут Янник Синнер и Карлос Алькарас

Глава ATP вручил Яннику Синнеру награду первой ракетки мира

Moscow.media

На петербургском стадионе за 60 млрд рублей произошел крупный пожар

Пустынная долина Кодара...

В Карелии арестовали учителя-педофила

Туристический кластер «Санкт-Петербург Марина» в Петербурге обеспечат транспортной инфраструктурой







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *