Türkmenistan bugdaý planyny dolandygyny aýdýar
TDH-nyň maglumatyna görä, ýurtda bu ýyl 1 million 400 müň tonna bugdaý öndürildi.
Emma ýerli hünärmenler galla, pagta planlaryny dolmakda "sowet ýyllarynda adat bolan artdyryp ýazmalaryň şindi hem uly rol oýnaýandygyny, hakykatda diýilýän hasylyň ýaryna golaýynyň kagyz ýüzünde alynýandygyny", şeýle ýagdaýyň un, çörek gytçylygyna alyp gelýändigini gürrüň berdiler.