Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Netijeler Polşanyň prezidenti Dudanyň ikinji möhlete galjagyny görkezýär

13-nji iýulda Polşanyň Milli Saýlaw Geňeşi konserwatiw prezident Andrzej Dudanyň ýurduň prezident saýlawlarynda sanalan tas ähli sesleriň netijesinde 51,21 % ses toplandygyny yglan etdi. 


Sesleriň 99,97 % hasaba almak bilen tamamlanan saýlawlarda Warşawanyň liberal häkimi Rafal Trzaskowski 48,79 % ses aldy.


Saýlaw komissiýasy saýlawçylaryň gatnaşyk derejesiniň adatdakysyndan ýokary bolup, 68,12% bolandygyny aýtdy. Jemleýji netijeler biraz üýtgäp biler.


Polşadaky ses berişlik sanitariýa düzgünlerine laýyklykda geçirildi. Saýlawçylar maska we ellik geýmeli boldy, howpsuz aralygy saklamak we el arassalaýjy serişdeleri ulanmak düzgünleri berjaý edildi. Ses berijiler saýlaw býulletenlerini bellemek üçin öz ruçkalaryny ulandylar.


Duda dolandyryjy sagçy Kanun we Adalat partiýasy hem-de ýurduň hökümeti tarapyndan goldanýar.


Warşawanyň häkimi we Ýewropa Parlamentiniň öňki kanun çykaryjysy Trzaskowski esasy oppozisiýa partiýasy bolan "Jemgyýet platformasyna" wekilçilik edýär.


Geçen aýda geçirilen birinji tapgyrda Duda 43,5% ses alypdy, Trzaskowski 30,5 % ses gazanypdy.


Dudanyň gaýtadan saýlanmagy, Kanun we Adalat partiýasynyň jedelli sud reformalaryny güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bolar. 


Ýewropa Bileleşigi bu reformalary tankytlaýar we suduň syýasylaşdyrylýandygyny aýdýar. Trzaskowski demokratik kadalary bozýan kanunlary böwetlejekdigini saýlaw kampaniýasynyň dowamynda aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *