Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda lomaý bazarlaryň ýapylmagy azyk harytlarynyň iki esse gymmatlamagyna getirdi

Aşgabatda lomaý bazarlaryň ýapylmagy azyk harytlarynyň iki esse gymmatlamagyna getirdi

COVID-19 bilen bagly aladalaryň fonunda, Aşgabatda lomaý söwda bazarlarynyň birnäçesi ýapylandan soň, azyk harytlarynyň bahasy iki esse gymmatlady. Munuň bilen bir wagtda, ilat bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bilmän kösenýän mahaly, olar muny nagt däl söwdada hem ulanmakda kynçylyk çekýärler. Bu aralykda, bank işgärleriniň ençemesi ilatyň kartlaryndaky puly gizlin nagtlaşdyryp bermek arkaly, bikanun gazanç edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

"Aşgabadyň ýapylmadyk bazarlarynda we dükanlarynda azyk harytlarynyň bahalary soňky 5-6 günüň dowamynda iki esse gymmatlady. Mysal üçin, geçen hepde 1 kilogramy 4-5 manatdan satylan ýer almanyň bahasy häzir şäheriň "Teke bazarynda" 9-10 manatdan bahalanýar. Düýp soganyň 1 kilogramy 1 manatdy, häzir 2 manatdan satylýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 16-njy iýulda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, bu gymmatlama, COVID-19 bilen bagly aladalaryň fonunda, "Altyn Asyr" we "Gündogar" ýaly lomaý söwda bazarlarynyň ýapylmagy sebäp boldy.

"Bu bazarlarda Türkmenistanyň ähli künjeginden getirilen gara mallar, ownuk mallar, dürli görnüşli guşlar, azyk harytlary we şuňa meňzeş harytlar lomaý bahadan satylýardy. Bazarlaryň ýapylmagy şäheriň merkezindäki bazarlarda bölek satuw nyrhlarynyň iki esse gymmatlamagyna getirdi" diýip, habarçy belledi.

Munuň bilen bir wagtda, ol şäheriň bankomatlarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlarynyň saklanyp galýandygyny we ilatyň öz bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bilman kösenýändigini hem aýtdy.

"Söwda nokatlarynyň aglabasynda töleg terminallary işlemeýär ýa-da olary telekeçileriň özleri öçürip goýýar. Adamlar bank kartlaryndaky zähmet we pensiýa haklaryny hem-de kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýändigi sebäpli öz zerur harytlaryny satyn almakda kynçylyk çekýärler" diýip, habarçy belledi.

Şol bir wagtda, ol edara-kärhanalarda oturdylan we işleýän ençeme bankomatyň hem soňky döwürde sökülip aýrylandygyny sözüniň üstüne goşdy.

"Poçta nokatlarynda, Aşgabat telefon ulgamynyň käbir binalarynda we nebitgaz ulgamyna degişli binalarda oturdylan bankomatlar ýok edildi. Sebäbi banklarda bankomatlary nagt pul bilen doldurmaga mümkinçilik ýok. Bank ulgamyndaky çökgünlik dowam edýär" diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözüne görä, bank işgärleriniň ençemesi ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanyp, olaryň kartlaryndaky puly gizlin nagtlaşdyryp bermek arkaly bikanun gazanç edýär.

"Plastik kartdaky puly nagtlaşdyrmak üçin bank ulgamynda işleýän wezipeli emeldary tapmaly bolýar. Mysal üçin, edara-kärhanalarda işleýän kärdeşiň agasy, inisi, daýysy, daýzasy we şuňa meňzeşler bilen gürleşip, 20-30 plastik karty üýşürip, onuň koduny kagyzyň ýüzüne ýazyp, bank emeldaryna bermeli. Ol ertiri kartlary nagt pul bilen yzyna berýär. Ol bu hyzmat üçin her 100 manada 5 manat alýar" diýip, habarçy belledi.

Habarçynyň sözüne görä, bu "hyzmaty" "Türkmenbaşy", "Türkmenistan" we "Halk" banklaryň isgärleri hödürleýär.

Ol ynamdar bank emeldaryny tapman, bank kartyny we puluny yzyna alyp bilman kösenýän raýatlaryň köpdügini hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosyna bu barada degişli banklardan we ýurduň Merkezi bankyndan kommentariý almak hem başartmady.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri soňky aýlarda maliýe kynçylyklarynyň, azyk ýetmezçiliginiň we gymmatçylygynyň has-da ýitileşendigini aýdýarlar.

Geçen hepdäniň ahyrynda Azatlygyň Lebapdaky çeşmesi welaýatdaky ençeme edara-kärhanadan nagt puly ýygnamak işleriniň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň jogapkärçiligine berilendigini habar berdi. Ol bu çäre arkaly bankomatlardaky nagt pul ýetmezçiligini aradan aýyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary aç-açan boýun almaýar. Muňa derek, hökümet maslahatlarynda yzygiderli ykdysady ösüş sanlary getirilýär.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Чехии 18 человек пострадали от удара молнии

Минтранс Подмосковья напомнил способы избежать ДТП с дикими животными

Спецтехнику МЧС и ДПС показали в городском парке Солнечногорска

На аукционе в Москве картину Ивана Шишкина продали за рекордные 85 млн рублей

Музыкальные новости

ЧЭРЗ запланировал оздоровительную кампанию для сотрудников и их детей

Хозяйка «голой» вечеринки Анастасия Ивлеева открывает в Москве азиатский ресторан

Отельеры вступают в Игры дружбы // Стоимость размещения в гостиницах растет

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

Новости России

Затянувшийся ремонт плотины на реке Вьюнке проверили в Балашихе

Подмосковный хоккейный клуб пополнился самым возрастным игроком в истории ВХЛ

Краснокнижные растения расцветут в Москве в первой половине июня

Предприятия Подмосковья могут получить выплату до 50 млн на погашение кредитов

Экология в России и мире

Бесплатные ежедневные тренировки от сети фитнес-клубов Spirit. Fitness в парке Горького/Музеон

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

Добрые рисунки: «585*ЗОЛОТОЙ» запустила конкурс ко Дню защиты детей

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

Спорт в России и мире

Александр Зверев: «Сказал себе, что хочу стать примером для подражания. Я больше не ломаю ракетки, почти не получаю предупреждений»

Организм был не в состоянии: Потапова прокомментировала поражение на «Ролан Гаррос»

Теннисист Джокович побил рекорд Федерера по победам на турнирах "Большого шлема"

Не ходите, дети, в теннис: как Андре Агасси и Штеффи Граф подарили детям право выбора

Moscow.media

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

ALMI Partner подводит итоги ЦИПР-2024

Для строительства участка Приморского кольца в Калининградской области ищут подрядчика

Дайджест новостей «Грузовичкоф» за май







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *