Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ermeni-Azerbaýjan serhedinde az wagtlyk böwşeňlikden soňky dartgynlyk ýokarlanýar

Ermenistanyň Goranmak ministrligi 17-nji iýulda serhediň demirgazyk-gündogar bölegindäki ýagdaýyň gijäniň dowamynda "birneme asuda" bolandygyny we  Ýaragly güýçleriň serhet ýakasyndaky ýagdaýy berk gözegçilikde saklaýandygyny aýtdy.


Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň aýtmagyna görä, 12-nji iýulda ermeni harbylary Azerbaýjanyň serhet ýakasyndaky ýerlerine artilleriýa hüjümini amala aşyrmaga synanyşandan soň dartgynlylyk güýçlendi. Ministrligiň maglumatyna görä, 11 harby gullukçy öldürildi.


Ermenistanyň Goranmak ministrligi hem öz gezeginde azerbaýjan goşunyny serhedi böwüsmek synanyşygynda günäkärledi. Ermenistanyň maglumatyna görä, goşunyň dört esgeri öldürilip, on adam ýaralandy.


Soňky 24 sagadyň dowamynda birneme asuda bolandygyna garamazdan, Azerbaýjan 16-njy iýulda beýanat çap edip, ermeni güýçleri Azerbaýjanyň strategiki suw howdanyna hüjüm etse, Ermenistanyň ýadro elektrik stansiýasyna zarba urup biljekdigini duýdurdy.


"Ermeni tarapy goşunymyzyň häzirki zaman raketa ulgamlarynyň Metsamor atom elektrik stansiýasyna takyk zarba urmaga ukyplydygyny ýatdan çykarmaly däldir" diýip, Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Wagif Dargyakly aýtdy.


Ermenistanda sowet döwründe gurlan ýadro desgasy Azerbaýjanyň ýakyn ýarany Türkiýe bilen serhet ýakasynda ýerleşýär.


Ermenistanyň harbylarynyň metbugat sekretary Artsrun Howhannisýan Ermenistanyň Azerbaýjan beýannamasyny halkara hyzmatdaşlarynyň dykgatyna ýetirendigini aýtdy.


Ol ermeni resmileriniň Azerbaýjandaky raýat desgalaryna hüjüm etmek haýbatyny hiç wagt atmandyklaryny aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *