Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ermeni-Azerbaýjan serhedinde az wagtlyk böwşeňlikden soňky dartgynlyk ýokarlanýar. WIDEO

Ermenistanyň Goranmak ministrligi 17-nji iýulda serhediň demirgazyk-gündogar bölegindäki ýagdaýyň gijäniň dowamynda "birneme asuda" bolandygyny we ermeni Ýaragly güýçleriniň ähli serhet ýakasyndaky ýagdaýy berk gözegçilikde saklaýandygyny aýtdy.


Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň aýtmagyna görä, 12-nji iýulda ermeni harbylary Azerbaýjanyň serhet ýakasyndaky ýerlerine artilleriýa hüjümini amala aşyrmaga synanyşandan soň dartgynlylyk güýçlendi.


Ministrligiň maglumatyna görä, 11 harby gullukçy öldürildi.




 


Ermenistanyň Goranmak ministrligi hem öz gezeginde azerbaýjan goşunyny serhedi böwüsmek synanyşygynda günäkärledi. Ermenistanyň maglumatyna görä, goşunyň dört esgeri öldürilip, on adam ýaralandy.


Soňky 24 sagadyň dowamynda birneme asuda bolandygyna garamazdan, Azerbaýjan 16-njy iýulda beýanat çap edip, ermeni güýçleri Azerbaýjanyň strategiki suw howdanyna hüjüm etse, Ermenistanyň ýadro elektrik stansiýasyna zarba urup biljekdigini duýdurdy.


"Ermeni tarapy goşunymyzyň häzirki zaman raketa ulgamlarynyň Metsamor atom elektrik stansiýasyna takyk zarba urmaga ukyplydygyny ýatdan çykarmaly däldir" diýip, Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Wagif Dargyakly aýtdy.


Ermenistanda sowet döwründe gurlan ýadro desgasy Azerbaýjanyň ýakyn ýarany Türkiýe bilen serhet ýakasynda ýerleşýär.


Ermenistanyň harbylarynyň metbugat sekretary Artsrun Howhannisýan Ermenistanyň Azerbaýjan beýannamasyny halkara hyzmatdaşlarynyň dykgatyna ýetirendigini we olaryň berk ýazgarmagyna garaşýandygyny aýtdy.


Ol ermeni resmileriniň Azerbaýjandaky raýat desgalaryna hüjüm etmek haýbatyny hiç wagt atmandyklaryny aýtdy.


Bu aralykda, Ermenistanyň Daşary işler ministrligi azeri tarapynyň haýbatlaryny ‘genosid’ atlandyryp, olary ýazgardy.


Mundan öň, ermeni goşuny demirgazyk-gündogardaky Tawuş etrabynda ýerleşýän serhet postlaryna daň atmazdan öň edilen azerbaýjan hüjümini yzyna serpikdirendigini öňe sürdi.


"Duşman gazaply ýaragly çaknyşykdan soň yzyna serpikdirildi we ýitgi çekdi" diýip, Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Şuşan Stepanian aýtdy. Ol azerbaýjan güýçleriniň ermeni serhedindäki iki obany minomýot we top oklaryna tutandygyny hem sözüne goşdy.


Şeýle-de Stepanian 16-njy iýulda Facebookda çap eden beýanatynda ermeni güýçleriniň bir azerbaýjan tankyny ýok edendigini, ermeni şäherçelerini we pozisiýalaryny oka tutýan artilleriýa we minomýot nokatlaryna hüjüm edendigini öňe sürdi.


Stepanian Ermenistanyň Goranmak ministri Dawit Tonoýanyň soňky ýagdaýlardan habardar etmek üçin ÝHHG missiýasynyň başlygyna, Dagly-Garabag konflikt zonasyndaky atyşygyň bes edilmegine gözegçilik edýän Andrzej Kasprzige jaň edendigini hem gürrüň berdi.


Şu aralykda, 16-njy iýulda Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni güýçlerini Tawuş bilen serhetleşýän Towuz etrabynda azerbaýjan obalaryny oka tutmakda aýyplady.


Ilatynyň aglabasy ermenilerden ybarat Daglyk-Garabag sebiti 1988-94-nji ýyllar aralygyndaky söweş döwründe Azerbaýjandan garaşsyzlygyny yglan etdi. Şol uruş 30 müň çemesi adamyň heläk bolmagyna we başga-da ýüz müňlerçe adamyň öýsüz-öwzarsyz galmagyna sebäp boldy.


1994-nji ýyldan bäri bu sebit etniki ermeni güýçleriň gözegçiliginde bolup, Azerbaýjan olaryň Ermenistan tarapyndan üpjün edilen goşunlary öz içine alýandygyny aýdýar. Sebitiň garaşsyzlygy hiç bir ýurt tarapyndan ykrar edilmedi.


ÝHHG-nyň Minsk toparynyň egindeş başlyklary bolan ABŞ, rus we fransuz araçylary çözgüt tapmak ugrunda ençeme ýyl bäri tagalla edip gelýärler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *