Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Stambuldaky türkmen konsullygy tussag aktiwisti 'hökümete garşy bolmakda' aýyplaýar

19-njy iýulda, Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň öňünde türkmen häkimiýetlerine garşy guralan protest çäresiniň guramaçylarynyň biri Dürsoltan Taganowanyň tussaglykda oturanyna bazar güni, 26-njy iýulda bir hepde bolýar.


Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleri Stambulda, koronawirus aladalary esasynda, türkmen häkimiýetlerine garşy protest çäresini gurnadylar.


Bu ýygnanyşyk türk polisiýasy tarapyndan dargadyldy we 80-den gowrak aktiwist gysga wagtlyk tussag edildi. Ýöne bir aktiwist, Türkmenistanyň Demokratik saýlawy (TDS) hereketiniň Stambuldaky bölüminiň ýolbaşçysy azatlyga goýberilmedi.


Protest çäresiniň polisiýa tarapyndan togtadylmagynyň sebäbi olaryň öňünden häkimiýetlerden rugsat almazlygy, şol sanda Stambuldaky türkmen konsullygynyň aktiwistlerden şikaýat etmekleri bilen düşündirilýär.


TDS-nyň egindeş başlygy Myrat Gurbanow polisiýanyň konsullygyň aktiwistlerden abanýan fiziki howp barada eden şikaýatyny derňändigini we ony esassyz tapandygyny, tussag edilen aktiwistleriň birinden özgesiniň boşadylandygyny gürrüň berdi.


D.Taganowanyň tussaghanada saklanmagynyň sebäbi onuň pasport, wiza möhletleriniň dokuz ýyl ozal geçmegi bilen bagly diýip, M.Gurbanow aýtdy.


Onuň sözlerine görä, Türkiýede 300 müňden gowrak türkmenistanly pasportlarynyň we wizalarynyň möhletlerini uzaldyp bilmän, bikanun ýagdaýda ýaşaýar we muňa türkmen häkimiýetleriniň pasport möhletlerini uzaltmak işini aşa kynlaşdyrmagy sebäp bolýar.


M.Gurbanow Dürsoltan Taganowanyň 20-nji iýuldan bäri deportasiýa lagerinde oturandygyny, suduň deportasiýa etmek hökümini çykarmandygyny we aklawçylaryň onuň haýal etmän boşadylmagy ugrundaky tagalla edýändiklerini aýtdy.


Şeýle-de ol türkmen konsulynyň täzeden arza ýazyp, tussagdaky aktiwisti mitingiň guramaçysy, türkmen hökümetine garşy çykýan raýat hökmünde aýyplandygyny sözüne goşdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *