Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ TikTok Hytaýa maglumat berýär diýip şübhelenýär. Gazagystan ol şübhä eýerip bilermi?

ABŞ TikTok Hytaýa maglumat berýär diýip şübhelenýär. Gazagystan ol şübhä eýerip bilermi?

Waşington bilen Pekiniň arasyndaky gatnaşyklaryň ýitileşýän wagtynda, ABŞ TikTok sosial ulgamyna şübhe bildirýändigini mälim etdi. Ştab-kwartirasy Pekinde ýerleşýän TikTok ulgamy ýaşlaryň arasynda häzir örän ýörgünli bolup, onuň 1,5 milliard ulanyjysy bar. «Adamlaryň şahsy maglumatlaryny Hytaýyň Kommunistik partiýasy peýdalanýandyr» diýip, Waşington muňa alada bildirýär, Hindistan bolsa bu ulgamy eýýäm ýapdy. Bilermenleriň pikirine görä, Gazagystan TikTok ulgamyny ýapmak meselesini orta goýup bilmese gerek.

Birleşen Ştatlar hem Awstraliýa «TikTok sosial ulgamyna Hytaýyň ByteDancekompaniýasynyň eýelik edýändigini, ony ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny hytaý hökümetine berýändigini»nazarda tutup, gadaganlyk girizip biler. Beýle şübhelenmäni Beýik Britaniýa öňe sürdi. Ol ýurtlar adamlaryň şahsy maglumatlarynyň demokratik däl hytaý hökümeti tarapyndan peýdalanyp biljekdigine alada bildirýärler.

TikTok näme?

 

TikTok — sosial ulgam bolup, 15 – 60 sekund aralygyndaky wideorolikleri, ýiti täsirli ýagdaýy özara paýlamak üçin ulanylýar. Ol ilkinji gezek Hytaýda 2016-njy ýylda Douyintoparyna goşmaça hökmünde ulanyşa girizildi hem soňlugy bilen bu mümkinçilik daşary ýurt bazarlaryna çykdy. 2018-nji ýylda Muscial.lykompaniýasy goşulandan soň, TikTok bütin dünýäde örän çalt ýaýrap başlady, häzir bu ulgamy 1,5 milliard ulanyjy bar. Oňa ýazylmak üçin, şahsy maglumatlaryňy bermeli.

Iýun aýynyň ahyrynda, ýagny ABŞ, Awstraliýa hem Britaniýa TikTok baradaky meseläni götermezden öňinçä, Hindistanyň hökümeti Hytaýyň mobil önümi bolan 59 sany goşmaça ulgamy, şol sanda TikTok ulanmagy gadagan etdi. Sebäbi olar Hindistanyň «garaşsyzlygyna hem bitewiligine» zyýan ýetirýär diýdiler. Deliniň gelen bu çözgüdi Gimalaý daglarynda Hytaýyň hem Hindistanyň serhetinde harby çaknyşygyň ýüze çykmagyna getirdi. Mobil telefonlaryndaky goşmaçalaryň hasabatyny ýöredýän SensorTowerkompaniýasynyň maglumatyna görä, TikTok ulanmakda Hindistan dünýäde 3-nji orunda – Hytaýdan hem ABŞ-dan soňraky ýerdedi.

ABŞ NÄMEDEN HOWATYR EDÝÄR?

Iýul aýynyň başynda ABŞ-yň Döwlet sekretary Maýkl Pompeo Fox Newstelekanalynyň reportýory, adamlara TikTok ulgamyny ulanmagy maslahat berýärsiňizmi diýip soranynda: «Eger siz şahsy maglumatlaryňyzyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň eline gowuşmagyny isleseňiz, baş üstüne, ony ulanyp bilersiňiz»diýdi.

Pompeo:«Men prezidentden öňe düşmek islämok, ýöne biz ony [TikTok] ýapmak mümkinçiliklerine garaýarys»diýdi. Onuň aýtmagyna görä, TikTok öz maglumatlaryny Hytaýyň hökümeti bilen paýlaşýar.

 

16-njy iýulda Trampyň administrasiýasy Hytaýyň WeChatgoşmaça ulgamy bolan TikTok’yň milli howpsuzlyga howp abandyryp biljegini barlaýandygyny habar berdi hem bu barlagyň ýakyn günlerde tamamlanjakdygyny aýtdy.

«Senzura hem syýasat ony ulanyjylary hem hiç bir araçägi bilmeýän bu pudagy toparlara bölýär, global Internet mümkinçiliklerini ýumurýar»,diýip, TikTok’yň töweregindäki ýagdaýlar barada, amerikan neşiri New York Timesýazdy.

TIKTOK NÄME DIÝÝÄR?

TikTokulgamynyň eýeleri Reutersagentligine bu ulgamyň haýsydyr bir informasiýany Hytaý hökümetine bermeýändigini aýtdy.

«Biziň ýeke-täk abraýymyz – ony ulanyjylara howpsuz mümkinçiligi döretmek. Biz ony ulanyjylar baradaky maglumaty hiç haçan Hytaý hökümetine bermedik, eger şeýle teklip bolaýanda-da, ony mundan beýlägem etmeris. TikTok’yň ýerine ýetiriji direktory ABŞ-yň graždanini, informasiýa maglumatlarynyň howpsuzlygy bölüminiň ýolbaşçysy-da ABŞ-yň graždanini, olar köp ýyllap ABŞ-yň harby bölümlerinde hem kanun goraýjy organlarynda işlän adamlar. Bizde iň öňde baryjy howpsuzlyk infrastrukturasyny düýpli özleşdirip bilýän amerikan komandasy bar»diýip, TikTokmälim etdi.

TikTok’yň eýeleri amerikaly sosial ulgamy ulanyjylaryň maglumatlarynyň Wirjinide hem Singapurda saklanýandygyny, ol ýerdäki işgärler bilen gatnaşyga girmegiň berk kontrollykda durýandygyny aýtdylar.

16-njy iýulda Ak tamyň ykdysadyýet boýunça maslahatçysy Larri Kudlou TikTok’a Pekindäki ByteDance Technologykompaniýasyndan bölünip aýrylmagy hem onuň bir amerikan kärhanasy hökmünde iş alyp barmagyny teklip etdi.

18-nji iýulda Reutersagentliginiň habar bermegine görä, TikTok Britaniýanyň hökümeti bilen gepleşik geçirip, öz ştab-kwartirasyny Londona geçirmegi sorapdyr.

 

«GAZAGYSTANYŇ ABŞ ÝA-DA HINDISTAN ÝALY HEREKET ETJEGINE YNAM AZ»

SimilarWebtoparynyň Big Dataarkaly toplan maglumatyna görä, TikTokGazagystandaky iň köp ulanylýan goşmaça ulgamlaryň arasynda 5-nji, gyzyklanma – ünsi çekiji toplumlaryň arasynda bolsa 2-nji orunda durýar.

ABŞ-yň Jorj Waşington Uniwersitetiniň strategiki kommunikasiýa bölüminiň magistranty, syýasaty öwreniji Şalkar Nurseit Gazagystanyň syýasy hem ykdysady bähbitleri sebäpli TikTok ulgamyndan ýüz öwrüp bilmejekdigini aýdýar.

— TikTok ulanyjylar Gazagystanyň ýaşlarynyň arasynda artýar, bu bütin dünýä häsiýetli ýagdaý. Ýöne ony petiklemäge Gazagystanyň tehniki mümkinçiligi çäkli, meseläni ABŞ-da, Hindistanda ýa-da Awstraliýadaky ýaly çözüp bilmez. Bu ýerde syýasy ýagdaýy hem nazarda tutmak gerek, TikTok’yň ştab-kwartirasy Pekinde ýerleşýär. Gazagystan bolsa Şanhaý ykdysady hem syýasy hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolup durýar. Şonuň üçinem Gazagystanyň ABŞ ýa-da Hindistan ýaly hereket edip biljekdigi şübhe astynda.

Syýasaty öwrenijiniň pikirine görä, gazak jemgyýetinde TikTok ulgamynda şahsy maglumatlaryň howpsuzlygy meselesine aýratyn ähmiýet berilmez.

— Ýurduň graždanlaryny kontrollykda saklamak meselesinde Hytaýyň hem Gazagystanyňpozisiýalary ýakyn. Biziň ýurdumyzdaky syýasy düzgüniň şpionaž hem senzura meselesinde, ol kompaniýa bilen ylalaşyga gitmegi mümkin. Meselem, TikTok ulgamy graždanlar barada Gazagystanyň döwlet organlaryna maglumat berse, olar muňa şat bolarlar, ony ekstremizme hem terrorizme garşy göreş hökmünde peýdalanyp bilerler. Eger Gazagystanyň syýasy durmuşyndaky korrupsiýa barada gürrüň gitse, biziň ýurdumyzyň lobbistleri beýle tankydy örän ýeňil basyp ýatyrarlar – diýip, Nurseit aýdýar.

 

Reklama agentligini esaslandyryjy hem SMS boýunça Gazagystanyňbilermeni Saltanat Şolanowa informasiýalaryň howpsuzlygyna hiç bir ulgamda kepilligiň ýokdugyny aýdýar. Ony ulanyjy şahsy maglumatlaryny paýlaşýar, ol maglumat bolsa «gorap saklaýyş»bölege düşýär. Bu meselede TikTok hem beýlekilerden düýpli tapawutlanyp baranok diýip, Saltanat Şolanowa aýdýar.

«TikTok Facebook ýa-da Instagram ýaly däl, onda goýlan maglumat üçin ulanyjy pul tölemeýär, ol edil Google, YouTube ýaly işleýär. Şonuň üçinem serişdesi bolmadyk adamlar hem TikTok bilen gowy auditoriýa gazanyp biler, şoňa görä onuň geljegi uly. Gazagystanda iri söwda merkezleri, kommersiýa edaralary, köpçülikleýin habar serişdeleri, ekspertler, ýuristler, syýasatçylar TikTok akkauntyny açýarlar. Mende Gazagystanda TikTok ulgamy ýapylar diýen pikir ýok»diýip,Şolanowa aýdýar.

GÜNORTA KOREÝA TIKTOK ULGAMYNA JERIME SALDY

15-nji iýulda Günorta Koreýanyň Kommunikasiýa aragatnaşygy komissiýasy TikTok operatorlaryna «ulanyjylaryň maglumatyny nädogry peýdalanandygy üçin», 155 müň dollar möçberinde jerime saldy. Ýurduň kommunikasiýa ulgamyna kontrol gullugynyň ýolbaşçysy Han San Ýuk TikTok kompaniýasynda «köp problemanyň» bardygyny aýtdy.

Onuň ýolbaşçylygyndaky komissiýa TikTok 14 ýaşa ýetmedikleri hasaba almakda, olaryň ata-enelerinden rugsat almaýandygyny aýtdy. TikTok 14 ýaşdan kiçileriň bu ulgamdan peýdalanmagyna rugsat edilmejekdigini, eger olar öz şahsy maglumatyny daşary ýurda ibermekçi bolsalar, munuň üçin ene-atalaryndan rugsat alynjakdygyny aýdypdy. Maglumata görä, 2017-nji ýylyň maý aýyndan bäri Günorta Koreýada alty müňe golaý çaga TikTok ulgamyna girýän eken.

2020-nji ýylyň 1-nji ýarymynda TikTok dünýäde iň köp ulanylýan ulgamlaryň arasynda 3-nji orny eýeledi. Eger ABŞ, Awstraliýa hem Beýik Britaniýa TikTok ulgamyny gadagan etse, ol öz auditoriýasynyň belli bölegini ýitirer.

Material AÝ/AR-nyň Gazakgullugy tarapyndan taýýarlandy.

 

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Культурном центре «Интеграция на Саянской отпразднуют День защиты детей

Российские летчики приняли участие в учениях с ВВС и ПВО Беларуси

Космонавту из Новосибирска Анне Кикиной вручили «Золотую Звезду» Героя России

ММК подал иск на 1,5 млрд рублей к крупному производителю труб с активами в Оренбуржье

Музыкальные новости

Команда Центрального округа Росгвардии стала призером на чемпионате по пожарно-спасательному спорту в Москве (видео)

Почта России помогла детям-подопечным благотворительных фондов встретиться с футболистами ЦСКА

Почта России помогла детям-подопечным благотворительных фондов встретиться с футболистами ЦСКА

Собянин: Трасса Солнцево — Бутово — Варшавское шоссе будет готова в 2026 году

Новости России

Эксперт Абрамычев: офисная недвижимость в Москве подорожает до 15% до конца года

Священный Синод принял решение о назначении епископа Канского и Богучанского

Прием заявок на кубок по баскетболу 3×3 идет в Чехове

Зарплаты подняли россиянам почти 80% компаний

Экология в России и мире

Глава Реутова проверил содержание территории города

Любимый россиянами курорт с белоснежными пляжами готовится запустить прямые рейсы в Россию, чтобы снизить цены на туры

Стоматолог Владимир Лосев: сколько времени нужно носить брекеты

Правильная эксплуатация грузовых шин позволит продлить срок их службы

Спорт в России и мире

Рыбакина, Путинцева и Бублик стартуют на Ролан Гаррос. Кто в соперниках и чего ждать?

Касаткина о романе Синнера и Калинской: рада, больше ничего не хочу говорить

Арина Соболенко повторила уникальное достижение Азаренко на турнирах «Большого шлема»

Теннисистка Петрова: Карацеву не хватает игровой уверенности

Moscow.media

Книжные новинки, лаборатория текста и иллюстраций — ждут гостей Московского детского фестиваля искусств «НЕБО»

ТСД SAOTRON RT-T50: высокопроизводительный терминал сбора данных промышленного класса

Одна ночь на Вуоксе

Денис Сафин перевел 100 миллионов рублей в фонд помощи пострадавшим от паводка







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *