Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda Gurbanlyga adam çagyranlara jerime töledilýär

Türkmen häkimiýetleri goňşularyny çagyryp, gurbanlyk eden ýaşaýjylara jerime salýar.


Türkmenistanlylar bu ýyl gurbanlygy öýlerine, adam çagyrman, köpçülik ýerlerine barman bellemeli edildi.


Resmi maglumatda aýdylmagyna görä, Eid al-Adha ýa-da Gurban baýramy bu ýyl 31-nji iýulda, 1-nji we 2-nji awgustda, üç günläp bellenilýär.


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken karary esasynda beýleki musulman ýurtlaryndakydan bir gün giç başlanýan baýramçylyk günleri iş güni däl diýlip yglan edildi.


Emma koronawirus pandemiýasy we ýurtdaky ykdysady kynçylyklar Gurbanlygyň öňki ýyllardaky şowhunyny, dabarasyny azaldana meňzeýär diýip, Azatlygyň sebitlerdäki habarçylary habar berýärler.


“Bu ýyl Gurban baýramy diňe kagyz ýüzünde bellenilýär. Baýram günleri köpçülikleýin ýerlerine barmak gadagan edildi. Her ýyl gonamçylyklara baryp, dünýäden öten ýakynlarymyza doga-dileg ederdik, muny hem gadagan etdiler” diýip, Lebapdaky habarçymyz 31-nji iýulda aýtdy.


Şu gün, 1-nji awgustda gowşan maglumata görä, Farapda häkimiýetler gurbanlyk edip, goňşularyny çagyran gurply maşgalalaryň birnäçesine jerime saldylar.


“Farapda düýn 4-5 sany goňşusyny nahara çagyryp, gurbanlyk eden hojalyklaryň birnäçesine 2 müň manatdan jerime töletdiler, gurbanlyk sadakasyna gelip, nahar iýen goňşular hem 400 manatdan jerime tölemeli boldy” diýip, habarçy aýtdy.


Şeýle-de, Seýdi köçesinde we Trestçi obasynda reýd geçirilip, gurbanlyk etmekçi bolýan maşgalalaryň birnäçesine “adam ýygnamazlyk” hakynda duýduryş berildi diýip, habarçy aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *