Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Owgan aňtaw gullugy YD-nyň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň öldürilendigini aýdýar

Owganystanyň aňtaw gullugy 1-nji awgustda giçlik owgan ýörite güýçleriniň “Yslam döwleti” atly jeňçi toparyň ýokary derejeli bir ýolbaşçyny öldürendigini habar berdi. 


Milli howpsuzlyk müdirligi Owganystanyň harby we raýat nyşanalaryna garşy köp sanly ganly hüjümlere gatnaşanlykda güman edilýän Assadullah Orakzaýyň gündogar Jalalabad şäheriniň golaýynda geçirilen operasiýada öldürilendigini aýtdy. Emma bu wakanyň anyk haýsy günde bolandygy aýdylmady.


BMG soňky hasabatynda YD-nyň ýokary derejeli hüjümlere ukyplydygyny duýdurdy we Kabul häkimiýetine garşy uzak wagtlap söweşen “Talyban” söweşijileri bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda baglaşylýan ylalaşyga garşy çykýanlaryň arasyndan has köp söweşiji toplamagy umyt edýändigini aýtdy. 


Orakzaýyň öldürilendigi baradaky habar radikal YD toparynyň hüjümleriniň umumy azalmagyna gapma-garşy geldi. 


Şu aralykda, musulmanlaryň Gurban baýramyna gaba,t hökümet bilen “Talyban” söweşijileriniň arasynda 1-nji awgustdan başlanan iki günlük ýaraşyk ýurduň köp ýerinde saklandy we bu ýagdaý garaşylýan parahatçylyk gepleşikleriniň ýakyn wagtda başlanmagyna umyt döredýär. 


ABŞ-“Talyban” arasynda fewral aýynda baglaşylan ylalaşyk "Talybanyň" Al-Kaýdanyň we beýleki terrorçy toparlaryň Owganystany ABŞ-a ýa-da onuň ýaranlaryna garşy hüjüm etmek üçin ulanmagyna ýol bermezlik baradaky wadasyny hem öz içine alýar. Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşi 2-nji awgustda twitter arkaly häkimiýetleriň 31-nji iýulda, Gurban baýramy başlanaly bäri 317 talyban tussagyny boşatandygyny we azat edilenleriň umumy sanynyň 4917-e ýetendigini aýtdy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *