Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gyrgyz prezidenti Azymjan Askarow meselesinde ‘halkara ülňüleri berjaý edildi’ diýýär

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow 1-nji awgustda Jemgyýetçilik teleradioýaýlymlar korporasiýasynyň “Birinji radiosyna” beren interwýusynda ýaňy-ýakynda aradan çykan adam hukuklary aktiwisti Azymjan Askarowyň işi bilen baglanyşykly soraglara jogap berende, “halkara ülňüleri berjaý edildi” diýdi.


Döwlet baştutany bu işiň "2010-njy ýyldan bäri Gyrgyzystanyň ýaşaýjylarynyň we dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelendigini” belledi.  “Iki tarap hem dürli kazyýetlere ýüz tutdy. Halkara ülňüleri berjaý edildi. Gyrgyzystanda kanunyň hökmürowanlygy agalyk etmeli. Eger-de men kazyýetiň kararlary barada düşündiriş berip başlasam, nädogry bolar” diýip, gyrgyz lideri aýtdy.


Şeýle-de ol häzirki pandemiýa wagtynda ýurt raýatlaryndan köp adamyň ölendigini boýun aldy. "Gurban baýramynyň bellenýän günlerinde men ýakynlaryny ýitiren ähli raýatlara, olaryň kim bolandygyna garamazdan, ýene-de bir gezek gynanç bildirmek isleýärin" diýip,  Sooronbaý Jeenbekow aýtdy.


69 ýaşyndaky Azymjan Askarow, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen adam hukuklaryny goraýjy 25-nji iýulda Gyrgyzystanyň 47-nji düzediş edarasynda aradan çykdy.


Askarow türmede ýogalandan soň, birnäçe halkara guramasy Gyrgyzystanyň häkimiýetlerini tankytlady we onuň ölümi boýunça derňew geçirmäge çagyrdy.


Azymjan Askarow Jelalabat sebitiniň Bazar-Korgon etrabynda ýaşaýardy we adam hukuklary bilen meşgullandy.


Ol 2010-njy ýylyň iýun wakasyndan soň, bidüzgünçilikleri guramakda we polisiýa işgäriniň öldürilmegine gatnaşmakda güman edilip tussag edildi. Ol sud häkimiýetleriniň ähli derejesinde ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.


BMG-niň Adam hukuklary geňeşi 2016-njy ýylda Askarow meselesi babatynda öz çykaran netijesini mälim etdi. Onda Azymjan Askarowyň tussaglykda saklananda gynalandygy, şeýle hem lukmançylyk kömeginden we bitarap sud edilmek hukugyndan mahrum bolandygy bellenilýär.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *