Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Protestleriň arasynda oppozisiýa dalaşgäri Tsihanouskaýa Belarusy terk etdi

Protestleriň arasynda oppozisiýa dalaşgäri Tsihanouskaýa Belarusy terk etdi

Belarusda oppozisiýanyň galpdygyny aýdýan prezidentlik saýlawlary baradaky protestleriň fonunda “prezidentlige oppozisiýadan dalaşgär Swýatlana Tsihanouskaýa Belarusy terk etdi we ol Litwada” diýip, Baltik ýurdunyň daşary işler ministri Linas Linkewiçus 11-nji awgustda Twitterde yglan etdi.

Tsihanouskaýa 11-nji awgustda tut.by web-saýtynda çap edilen wideosynda Belarusy terk etmek kararyna özbaşdak gelendigini aýtdy.

“Men gaty kyn karar berdim” diýip, ol aýtdy. “Bu karary meniň özüm berdim. Muňa ne dostlarym, ne garyndaşlarym, ne kampaniýa toparym, ne-de Sýarheý (Tsihanouskaýanyň adamsy) täsir etdi. Men köpleriň maňa düşünjegini bilýärin, köpler meni hasaba çeker we köpler meni ýigrener. Ýöne bilýäňizmi, Hudaý saklasyn, meniň ýüzbe-ýüz bolan dilemmam bilen ýüzleşmeli bolýarsyň!” diýip, ol aýtdy.

Russiýada ýerleşýän "MBH Medianyň" Telegram kanalynda we Belarusyň hökümetçi “Žýoltyýe Sliwy” Telegram kanalynda 11-nji awgustda goýlan beýleki bir wideoda Tsihanouskaýa belarus halkyny “oňat pikirlenmäge” we “kanunlara hormat goýmaga” çagyrýar.

37 sekuntlyk şol wideoda Tsihanouskaýa “Men gan döküşik we zorluk islemeýärin” diýýär. “Men sizden polisiýa garşy gitmezligi, meýdanlara barmazlygy we öz ömrüňizi howp astyna salmazlygy haýyş edýärin. Özüňize we mähribanlaryňyza gowy serediň!” diýip, ol aýdýar.

Bu iki wideonyň haçan we nirede düşürilendigi dessine mälim bolmady. Ýöne 11-nji awgustda peýda bolan ikinji wideonyň tekst görnüşi Belarusyň döwlet eýeçiligindäki BelTA habar agentligi tarapyndan çap edildi.

Tsihanouskaýanyň ýurdy terk etmegi wezipe başyndaky Alkýansadr Lukaşenkanyň uly ýeňiş yglan eden saýlawlarynyň resmi netijeleri boýunça ýurtda dowam edýän protestleriň ikinji gijesine gabat geldi.

Polisiýa we demonstrasiýaçylaryň arasynda gije dowam eden çaknyşyklarda Minskde azyndan bir protestçi öldi. Polisiýa Belarusyň başga-da ondan gowrak şäherinde, şol sanda Babruýskda, Brestde, Witebskde, Gomelde, Hrodnada, Mahilýouda, Býarozada we Mazyrda gije demonstrasiýaçylaryň üýşmeleňini dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz, suw toplaryny we ses çykaryjy granatlary ulandy.

AÝ/AR-yň habarçysy ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşýän Gomel şäherinde gije polisiýanyň demontrasiýaçy üýşmeleňini zorluk bilen dargadyp, azyndan 500 adamy saklanandygyny habar berdi.

Gomelde bir ýaş gyz AÝ/AR-a beren gürrüňinde polisiýanyň saklanan adamlary agyr ýençýändigine özüniň şaýat bolandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Lukaşenkanyň garşydaşlary 11-nji awgustda günortandan başlap, ýurt boýunça iş taşlaýyş geçirmäge çagyrdylar.

Oppozisiýa protestleriň 11-nji awgustda ýurt boýunça dowam etdirilmegine, şol sanda Minskde ýerli wagt bilen agşam sagat 6-da köpçülikleýin demonstrasiýa geçirmäge çagyryş etdi.

Bu aralykda, 11-nji awgustda Belarusyň Derňew komiteti raýatlara “bikanun hereketler” üçin olaryň jogapkärçilige çekiljekdigini duýdurdy.

“Derňew komiteti ýene bir gezek raýatlara ýüzlenýär. Bidüzgünçilikleriň guramaçylaryna eýermäň!” diýip, beýanat aýdýar. “Öz hereketleriňiziň netijesi barada pikir ediň, paýhasly boluň! Biz size şeýle bikanun hereketleriň hökmany suratda jenaýat jogapkärçiligine ýol açjakdygyny ýatladýarys” diýip, komitet aýtdy.

Litwanyň daşary işler ministri Linkewiçus 11-nji awgustda irden “Swýatlana Tsihanouskaýa howpsuz. Ol Litwada” diýip, twit ýazdy.

“Ol sag-aman Litwa geldi” diýip, Linkewiçus AFP habar agentligine aýtdy, ýöne aýdyňlaşdyrmady.

Ýöne 11-nji awgustda Tsihanouskaýanyň metbugat sekretary Wolha Kawalkowa belarus häkimiýetleriniň Tsihanouskaýany ýurtdan çykarandyklaryny aýtdy.

“Swýatlananyň başga çäresi ýokdy” diýip, Kawalkowa aýtdy. “Onuň erkin we diri bolmagy möhüm. Ol özüniň kampaniýa başlygy Maryýa Moroz bilen gitdi. Ýöne Swýatlananyň toparynyň bir bölegi bu ýerde, Belarusda girew astynda saklanýar” diýip, ol aýtdy.

Kawalkowa Tsihanouskaýanyň kampaniýa toparynyň 11-nji awgustda günüň ikinji ýarymynda “gyssagly maslahat” geçirjekdigini aýtdy. Ýöne ol kampaniýa toparynyň häzirki wagtda belarus halkynyň saýlawyny goramak hem-de zorlugy we gün döküşikligi togtatmak ýaly iki esasy maksadynyň bardygyny aýtdy.

“Häzirki ýagdaý örän möhüm” diýip, Kawalkowa aýtdy. “Hemmämiz üçin her näçe kyn bolsa-da, biz zorlukdan çetde durmaly. Biz öz ýeňşimizi kanuny we parahat ýollar bilen goramaly. Biz ähli demokratik güýçleri we özgerişiň tarapdarlaryny birleşmäge çagyrýarys” diýip, ol aýtdy.

Bu aralykda, Belarusyň Içeri işler ministrligi 10-njy awgustda gije bir protestçiniň ölendigini tassyklady. Ministrlik ol elindäki näbelli bir partlaýjy enjamy polisiýa tarap zyňjak bolanda onuň elinde partlandygyny aýtdy.

Ýöne wakanyň bolan ýerindäki şaýatlar we habarçylar demonstrasiýaçy ölen wagty polisiýanyň protestçileriň üstüne ses çykaryjy granatlary atandyklaryny aýdýarlar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy şol wagt wakanyň bolan meýdanynda birnäçe adamyň bolandygyny hem-de Minskiň merkezinde käbir demonstrasiýaçylar barrikada guransoň, ol ýerde awtoulag hereketiniň bölekleýin petiklenendigini habar berdiler.

11-nji awgustda internet elýeterliligi indi üç günläp petikli galýar. Belarusda köp sanly habarçy öz SIM kartlarynyň petiklenmegi sebäpli mobil telefonlaryny ulanyp bilmeýärler.

10-njy awgustda Tsihanouskaýa saýlaw komissiýasynyň binasyny terk edenden soň, onuň topary bilen telefon arkaly aragatnaşyga geçip bolmady. Ondan ozal, ol saýlawlarda Lukaşenkanyň däl, özüniň ýeňiş gazanandygyna ynanýandygyny habarçylara aýtdy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň 10-njy awgustda yglan eden deslapky netijelerine görä, Lukaşenka sesleriň 80 prosentden gowragyny alyp, uly ýeňiş gazandy, Tsihanouskaýa resmi sanlara görä, 10 prosentden sähel az ses saldy.

Tsihanouskaýa haçan-da onuň adamsy, meşhur wideo blogger we potensial oppozisiýa dalaşgäri tussag edilenden soň, ýaryşa gatnaşdy.

Ol indi özüni saýlawda ýeňiş gazanan hasaplaýandygyny aýtdy.

“Häkimiýetler bizi diňlemeýärler. Häkimiýetler häkimiýeti tabşyrmagyň parahat ýollary barada pikir etmeli” diýip, ol 10-njy awgustda aýtdy. “Elbetde, biz saýlaw netijelerini ykrar etmeýäris” diýip, Tsihanouskaýa belledi.

Ak tam saýlawlar boýunça beren ilkinji teswirinde “Belarusyň prezidentlik saýlawlaryndan çuňňur aladalanýandygyny aýtdy we belarus hökümetini adamlaryň parahatçylykly ýygnanyşmak hukuklaryna hormat goýmaga hem-de güýç ulanmakdan saklanmaga çagyrdy.

Döwlet sekretary Maýk Pompeo aýrybaşga beren beýanatynda bu pikiri gaýtalady we belarus hökümetini halkyň parahatçylykly ýygnanyşmak hukuklaryna hormat goýmaga, güýç ulanmakdan saklanmaga hem-de nädogry saklanan adamlary boşatmaga çagyrdy.

Britaniýa Belarusy “çynlakaý bärden gaýtmalara ýol berlen” saýlawlaryň yz ýany protestçilere garşy mundan beýläk zorluk ulanmakdan saklanmaga çagyrdy, Fransiýa bolsa howpsuzlyk güýçlerini zorlukdan “aňrybaşy saklanmaga” çagyrdy.

Oppozisiýa häkimiýetler bilen gepleşik geçirmäge özüniň taýýardygyny aýtdy, ýöne hökümet muňa jogap bermedi.

Belarus halky ykdysadyýetden, hökümetiň koronawirus pandemiýasyna beren jogabyndan hem-de Lukaşenkanyň 26 ýyllyk häkimiýetinde adam hukuklarynyň depelenmeginden nägile bolýar.

Lukaşenka 10-njy awgustda özüni agdarmak üçin, daşary ýurt güýçleriniň protestçileri aldawa salýandygy barada aýdýan aýyplamalaryny gaýtalady. Ol şonda protestçilere “goýun” diýdi.

“Meniň sözlerimi bagyşlaň, ýöne biziň goýunlarymyzy dolandyrmak üçin Polşadan, Beýik Britaniýadan we Çehiýa respublikasyndan telefon jaňlary geldi” diýip, Lukaşenka Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň dolandyryjy komitetiniň başlygy Sergeý Lebedow bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

“Olar başly-baratlyga synanyşýarlar” diýip, Lukaşenka aýtdy. “Ýöne men ozalam duýdurdym: rewolýusiýa bolmaz” diýip, ol belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Подмосковье прошел VI форум молодых специалистов образовательных организаций

«Сапа»: пенсионерка из Москвы согласилась отдать мошенникам деньги и обманула их

Очевидцы сообщили о возгорании вагона поезда на станции метро «Спортивная»

ЦСКА в третий раз обыграл УНИКС и находится в одной победе от чемпионского титула

Музыкальные новости

Почта России помогла маленькому жителю Перми встретиться с футболистами ЦСКА

Чемпионская ночь! В Оренбурге «Кама» в рамках командного боксерского турнира «Кубок Победы» разгромила «Сталинград» – 5:0

Преступления мигрантов с рынков азербайджанского олигарха Года Нисанова продолжают шокировать Москву

«Россети Новосибирск» продолжает конструктивный диалог с бизнесом по вопросам подключения к электрическим сетям

Новости России

В дептрансе Москвы сообщили об отсутствии пострадавших в результате инцидента в метро

Более 1 тыс детей Подмосковья обучили правилам электробезопасности перед каникулами

Специалисты МОДКТОБ приняли участие в XV съезде травматологов Подмосковья

Более 250 детей приняли участие в масс-старте на беговелах и самокатах в Раменском

Экология в России и мире

Раскрыт секрет, как и где отдохнуть в России летом за 11 тыс. рублей

Конференция «Общество и психическое здоровье» прошла в Ставрополе

На европейских курортах жители начали обносить улицы цепями, запрещая туристам туда заходить: романтический отдых закончился

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Спорт в России и мире

Андреева назвала важнейшей в карьере победу над Азаренко на "Ролан Гаррос-2024"

В России отреагировали на "скрытую баранку" и достижение Рыбакиной на Ролан Гаррос

Азаренко не смогла выйти в 1/16 финала открытого чемпионата Франции по теннису

Парижские сюжеты: Медведев играл в кошки-мышки, Котов творил историю, Калинская заставляла нервничать Синнера

Moscow.media

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

Выгодно ли покупать квартиру в новостройке?

ALMI Partner и «Даком М» будут совместно развивать и продвигать отечественные ИТ-решения

Лучший HR-бренд – «Грузовичкоф»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *