ABŞ Bişkek bilen Daşkendi žurnalist Bobomurod Abdullaýewi boşatmaga çagyrýar
ABŞ-nyň Döwlet departamenti Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň hökümetlerini garaşsyz žurnalist Bobomurod Abdullaýewi tussaglykdan boşatmaga çagyrdy.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri býurosynyň beýanatynda Bişkekdäki we Daşkentdäki resmilere söz we hereket azatlygynyň esasy adam azatlyklaryndan biridigi ýatladylýar.
“Söz azatlygy we hereket azatlygy işleýän demokratiýa üçin esasy adam hukuklarydyr. Biz Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň hökümetlerini öz borçlaryny ýerine ýetirmäge we ýakynda Bişkekde tussag edilen özbek žurnalisti Bobomurod Abdullaýewiň bu hukuklaryny goramaga çagyrýarys" diýip, Býuronyň Twitterde ýaýradan beýanatynda aýdylýar.
Mundan öň ABŞ-nyň Özbegistandaky ilçisi Daniel Rosenblýum özbek žurnalisti Bobomurod Abdullaýewiň Gyrgyzystanyň ýörite gullugy tarapyndan tussag edilendigi baradaky habardan alada galýandygyny aýdyp, Bişkegiň Bobomurod Abdullaýewi boşatmagyna we päsgelçiliksiz ýurtdan çykmagyna rugsat bermegine çagyrdy.
Özbek žurnalisti Bobomurod Abdullaýew 9-njy awgustda agşam Gyrgyzystanyň ýörite gulluklary tarapyndan Bişkekdäki bir kafede tussag edildi. Häkimiýetler onuň Özbegistanyň haýyşy boýunça tussag edilendigini aýtdylar.