Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Pens respublikan konwensiýada sözlän sözünde “Siz Jo Baýdeniň Amerikasynda howpsuz bolup bilmersiňiz!” diýdi

ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens, 3-nji noýabr prezident saýlawlary üçin möhüm ştat bolan Wiskonsinde jynsparazlyk bilen ilteşdirilýän zorlugyň täzeden tutaşýan wagty, 26-njy awgustda respublikan milli konwensiýada sözlän sözünde kanun we tertip-düzgün barada çykyş etdi.


Partiýasynyň özüne iş başyndaky prezident Donald Trampyň wise-prezidenti wezipesine hödürlemegini kabul eden Pens bir afrikan amerikalynyň 23-nji awgustda akýagyz polisiýa işgäri bilen çekeleşende atylmagynyň yzýany, Wiskonsin ştatynyň Kenoşa şäherinde soňy zorluga ýazan bidüzgünçiligi boýun aldy.


Ol özüniň we Trampyň adamlaryň parahatçylykly protest geçirmek hukugyny goldaýandyklaryny, ýöne bidüzgünçiligiň we talaňçylygyň parahatçylykly protest däldigini aýtdy. Ol Tramp bilen Pensiň ýeňşi “her bir amerikaly üçin bu ýurduň köçelerinde tertip-düzgüni aňladar” diýip, sözüne goşdy.


Pens Trampyň garşydaşy Jo Baýdeni hem tankytlady. Ol Demokratik partiýadan prezidentlige hödürlenen dalaşgäriň “Amerikanyň şäherlerinde zorluga ýol açýan syýasatlary iki esse artdyrjakdygyny” aýtdy. “Siz Jo Baýdeniň Amerikasynda howpsuz bolup bilmersiňiz” diýip, Pens sözüniň üstüni ýetirdi.


Baýden Twitterde jogap berip, “bu mundan artyk has aýdyň bolup bilmez, amerikalylar ýa ýene köp ýyl ‘gorkyny, bölünişigi we ýigrenji’ saýlar, ýa-da “umydyň, agzybirligiň hem-de ýagtylygyň” ýoluny saýlar” diýdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *