Ýewropada onlarça million mekdep okuwçysy synp otaglaryna gaýdyp geldi
Ýewropada COVID-19 ýokaşma derejesiniň ýokarlanandygyna garamazdan, Britaniýada, Fransiýada, Belgiýada we Russiýada onlarça million okuwçy 1-nji sentýabrda mekdep synplaryna gaýdyp geldi.
Mugallymlaryň we ene-atalaryň köpüsi mekdepleriň açylmagy koronawirusyň ýaýramagyny çaltlaşdyrar diýip alada edýär. Emma hökümetler ene-atalaryň işläp bilmegi we agyr ykdysadyýetleri dikeltmegi üçin olary boşatmaga çalyşýar.
Fransiýada 11-18 ýaş aralygyndaky okuwçylardan we mugallymlardan mekdepleriň içinde hem-de daşynda maska geýmek talap edilýär. Ýygnaklaryň göwrümine we hereketine käbir çäklendirmeler girizilip, mekdepler köplenç adaty iş tertibinde işlär.
Russiýada hem, 17 million okuwçy maskasyz synp otaglaryna gaýdyp gelýär, ýöne häkimiýetler birnäçe saglyk protokolyny durmuşa geçirýärler.
Mekdepler alty aýlap ýapylandan soň, Angliýadaky we Uelsdäki okuwçylar hem aragatnaşygy azaltmak we sosial aralygy saklamak üçin hökümetiň “gözegçilikler ulgamy” diýip häsiýetlendirýän çäresi bilen synp otaglaryna gaýdyp gelýärler.
Bu aralykda, Beýik Britaniýada ýokary okuw jaýlarynyň 1 million studenti öňümizdäki hepdelerde synp otaglaryna gaýdyp gelmäge taýýarlanýan mahaly, akademiki işgärler hökümeti uniwersitet şäherçelerini açmak meýilnamalaryny ýatyrmaga çagyrýarlar.