Belarus oppozisiýa agzasyny tussag edip, iş taşlaýyş liderini 15 gün azatlykdan mahrum etdi
31-nji awgustda Belarusyň häkimiýetleri iş taşlaýyşy guramalaşdyran toparyň liderini türme tussaglygyna höküm edip, häkimiýetiň geçişini utgaşdyrmagy maksat edýän oppozisiýa geňeşiniň ýokary derejeli agzasyny tussag etdi. Bu awtoritar prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň oppozisiýany basyp ýatyrmak üçin eden soňky synanyşygy boldy.
Belarusyň Maliýe jenaýatlar boýunça bölüminiň polisiýasy Koordinasiýa geňeşiniň prezidiumynyň ýedi agzasynyň biri Liliýa Wlasowanyň öýünde gözleg işlerini geçirenden soň, ony tussag etdi. Bu barada Wlasowanyň kärdeşi Pawel Latuşko Telegramda ýazan maglumatynda mälim etdi.
67 ýaşly Wlasowa 9-njy awgustda geçirilen jedelli prezident saýlawlarynyň yzýany, tutuş ýurt boýunça geçirilen protestlerden soň, şu aýyň başynda döredilen prezidiumyň tussag edilen azyndan üçünji agzasydyr.
Bu aralykda, “Belaruskali” zawodynyň iş taşlaýyş komitetiniň egindeş başlygy Anatoliý Bokun rugsatsyz protesti guramalaşdyrmakda aýyplanyp, 15 gün türme tussaglygyna höküm edildi.
Dünýädäki kaliý dökünleriniň bäşden bir bölegini emele getirýän döwlet eýeçiligindäki bu zawod ýurduň esasy girdeji çeşmesi hasaplanýar.