Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen aktiwistleri ABŞ-da çykyş edip, Türkmenistana we ýurtdaky problemalara ünsi çekýärler 

Türkmen aktiwistleri ABŞ-da çykyş edip, Türkmenistana we ýurtdaky problemalara ünsi çekýärler 

Türkmenistanyň raýatlary ABŞ-da üç gün bäri protest aksiýalaryny geçirýärler we türkmen konstitusiýasyna üýtgetme girizilmeginden, şeýle-de prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyndan närazylyk bildirýärler. Guramaçylar geçirilýän protestleriň Türkmenistana we ýurtdaky problemalara köpçüligiň ünsüni çekýändigini belleýärler.

Türkmenistanlylaryň ABŞ-da guramalaşdyran dört günlük protest aksiýasynyň jemleýji tapgyry 2-nji sentýabrda BMG-niň edarasynyň öňünde öýlän geçiriler.

1-nji sentýabrda türkmen protestçileri Waşingtonda Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde jemlendiler. Türkmen raýatlary "Stop diktator", "Bize şeýle prezident gerek däl", "Haýyş çekil we pop ýyldyz bol!", "Türkmenistan ähli syýasy tussaglary azat et" mazmunly şygarlary göterip durdular.

Protestçiler öz beýanatyny türkmen resmilerine gowşurmak islediler. Emma türkmen diplomatlary demonstrantlaryň ýanyna çykmandyr. Bu barada Azatlyk Radiosyna aksiýa gatnaşan guramaçylaryň biri "Türkmenistanyň demokratik saýlawy" (DWT) hereketiniň lideri Myrat Gurbanow 1 sentýabrda Waşingtondan gürrüň berdi.

Gurbanowyň sözlerine görä, ilçihanadan diňe bir adam çykyp, ýygnan adamlary surata düşüripdir, emma ol protestçiler onuň bilen gürleşmäge synanyşanda dessine gidipdir. Waşingtondaky mitingiň çäginde protestçiler ilçihanadan soň Kongresiň binasynyň öňünde jemlendiler.

Aktiwistleriň pikiriçe, Türkmenistanyň baş kanunynyň üýtgedilmegi ýurtda häkimiýetiň bir elde jemlenmeginiň doly kanunlaşdyrylmagyna we miras geçmegine ýol açyp, yzyna gaýtaryp bolmajak bir ýagdaýa getirer.

"Konstitusiýanyň çalyşmalary düýpli çalyşmalar. Onuň düýbi üýtgedilýär. Baş kanunymyzyň düýbünde döwletiň häkimiýetiniň üç şahasy ýatyr. Prezident - ýerine ýetiriji häkimiýet, Mejlis- kanun çykaryjy, ol welaýatlaryň wekillerini öz içine alýar we üçünjisi sud, konstitusion sud. Olar bir birinden awtonom işläp durmaly. Bu ýere bolsa prezident şol kanun çykaryjy organyň ygtyýarlygyny ogurlap alýar. Konstitusion reforma geçiriljek bolsa ol referendumyň esasynda geçirilmeli. Biz referendum isleýäris" diýip, Myrat Gurbanow aýtdy.

19-njy awgustynda Türkmenistanyň prezidenti we Konstitusiýa komissiýasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmenistanyň konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek" baradaky karara gol çekip, Baş kanuny üýtgetmek boýunça geçen ýylyň sentýabr aýynda başlanan işi soňlady. 25-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň mejlisinde tassyklanjak üýtgetmelere görä, ýurtda iki öýli parlament dörediler. Halk Maslahaty kanun çykaryjy organ bolup, Mejlis bu ygtyýarlygyny ýitirer.

Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň protest çykyşlarynyň häzirki tapgyry 30-njy awgustda Hýuston şäherinde başlandy. Demonstrasiýalar onlarça adamyň gatnaşmagynda geçýär we oňa ABŞ-da, Kanadada we Ýewropada ýaşaýan türkmenistanlylar Narjan Muzapberowa, Muhammet Düýeji we Myrat Gurbanow guramaçylyk edýär.

Aktiwistler türkmen hökümetiniň konstitusiýany üýtgetmek kararynyň Türkmenistandaky syýasy we ykdysady krizis, korrupsiýa, koronawirus pandemiýasy, işsizlik ýaly agyr sosial problemalaryň agyrlaşan pursadynda geçirilýändigini belleýärler.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylar soňky 4 aýda ABŞ-da, Türkiýede we Demirgazyk Kiprde protest aksiýalaryny ençemesini guradylar. Türkmen häkimiýetleriniň ýurtda tupandan ejir çeken ilata kömek etmezligi, COVID-19 alamatlary keselçiligiň we ölümiň köpçülikleýin ýüze çykmagyna garamazdan, koronawirusyň bardygyny ykrar etmezligi, şeýle hem uzaga çeken ykdysady krizis ýurduň içinde we daşynda nägileligiň döremegine sebäp boldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri protest çykyşlary resmi derejede görmezlige salýar, şol bir wagtda-da aktiwistleriň ýurt içindäki ýakynlaryna basyş görkezýär, soraga çekýär we gorkuzmaga synanyşýar.

Adam hukuklaryny goraýjylar şeýle ýagdaýlaryň onlarçasy barada hasabat berýär we türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň kanuny hukugyny depelemekden we aktiwistleri yzarlamakdan el çekmegini talap edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Оренбургская область потратит более 8 млн рублей на участие в фестивале «Зодчество 2024». На что пойдут средства?

В Московской области сотрудники Люберецкого ОВО задержали подозреваемого в умышленном причинении тяжкого вреда здоровью

Сигал присоединился к татарстанскому отделению комитета поддержки Путина

Запад осознал: «страна-бензоколонка» его обогнала

Музыкальные новости

Концерт студии "Жерминаль"

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» спасает население от борьбы с перенаселением, 3 серия, СЕРЬЁЗНЫЙ НОВОСТНОЙ СЕРИАЛ.

"СВЯТОЙ ЛЕНИН" раскрыл загадку В.В. Жириновского и В.Г. Мессинга. СЕНСАЦИОННЫЕ ДАННЫЕ!

Конец близок в релизном трейлере Destiny 2: The Final Shape

Новости России

Пульмонолог Подмосковья рассказала о вреде третичного курения

Кровавый убийца иконописец Артур Рыно хочет забрать дочь у бывшей жены

Завлаб на воеводстве. Почему не стоит опасаться, что Белоусов усилит Минобороны

Ансамбль «Фантазия» представил лучшие номера на отчетном концерте в Черноголовке

Экология в России и мире

Eleganzza весна-лето 2024

Елена Шерипова: самые модные головные уборы на лето

Я думала, мы умрем: американка переехала в Великобританию и столкнулась с левосторонним движением, праворульными машинами и механической коробкой передач

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Спорт в России и мире

Матч Котова и Вавринки перенесли на корт Сюзанн Ленглен

В России отреагировали на "скрытую баранку" и достижение Рыбакиной на Ролан Гаррос

Лишь две теннисистки моложе Свёнтек выигрывали 16 матчей подряд на «Ролан Гаррос»

Теннисистка Петрова: Карацеву не хватает игровой уверенности

Moscow.media

Муруджинские озера

Жулан.

Распределяй и управляй: водители «Грузовичкоф Бизнес» – о преимуществах работы и трудовых буднях  

ТСД SAOTRON RT-T50: высокопроизводительный терминал сбора данных промышленного класса







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *